Dark
Light
12.08.2026
saylawlar logo THE ASHGABAT TIMES

Saýlawlar – demokratiýanyň belent nusgasy

28.03.2026

29-njy martda Türkmenistanda möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre — ýurdumyzda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçiriler. Şol gün ýurdumyzyň raýatlary öz konstitusion hukuklaryndan peýdalanyp, watandaşlarymyzyň arasynda uly hormata, ynama mynasyp bolan dalaşgärlere ses bermek üçin saýlaw uçastoklaryna gelerler.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda geçiriljek saýlawlara taýýarlyk görmek we guramaçylykly geçirmek boýunça giň gerimli maksatnamanyň çäklerinde köp sanly çäreler göz öňünde tutuldy. Saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsümiň ähli tapgyrlary Türkmenistanda hereket edýän kanunçylygyň talaplaryna, halkara hukugyň umumy kabul edilen kadalaryna laýyklykda öz wagtynda geçirildi. Onuň dowamynda her bir dalaşgäre saýlawçylar bilen duşuşyp, olary öz maksatnamasy bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik döredildi. Saýlawçylar bilen dalaşgärleriň arasyndaky duşuşyklar bellenen we ylalaşylan tertipde geçirildi.

Saýlawlaryň aýdyňlygy, dalaşgärleriň arasyndaky bäsdeşlik, synçylaryň ses berişligiň barşyna gözegçilik etmegi we sesleri sanamagyň açyklygy demokratik saýlawlaryň häsiýetli aýratynlyklarydyr. Ýurdumyzda geçirilýän saýlawlaryň milli demokra-tik däpler esasynda, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Saýlaw kodeksine, umumy ykrar edilen halkara kadalara laýyklykda geçirilýändigini bellemek gerek.

29-njy martda ses berjek saýlawçylar saýlan dalaşgärleriniň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan, Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmelere, jemgyýetimizi yzygiderli demokratiýalaşdyrmak boýunça işlere mynasyp goşant goşjakdyklaryna berk ynanmak bilen, olaryň has mynasybyna ses bererler.

Magtymguly ANNAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

20260325 014630 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Mohamed Salah “Liwerpul” bilen hoşlaşýar

caga terbiye usul THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bakja-baglardan bilim belentliklerine

Soňkylar Makalalar

Maşgala gymmatlygy – türkmen edebiýatynyň aýnasynda

11.08.2026
Maşgala türkmen halkynyň durmuşynda iň mukaddes düşünjeleriň biridir. Ene-atany sylamak, perzent terbiýesi, maşgala agzybirligi, uly-kiçä hormat goýmak ýaly ýörelgeler asyrlaryň dowamynda halkymyzyň ruhy baýlygynyň

Şanly toýa barýarys!

11.08.2026
Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet gurmak barada eden arzuwy bu günki gün hasyl boldy. Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli, toplumlaýyn işler beýik

Terbiýäniň çeşmesi – kitap

10.08.2026
Türkmen halkynyň Milli Lideri hormatly Arkadagymyzyň çuň many-mazmunly kitaplary okyjylaryň öňünde dünýäni açýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitaby-da  şeýle neşirleriň biridir. Bu
GitTop