Dark
Light
12.06.2026
serdar THE ASHGABAT TIMES

Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmegine dört ýyl boldy

20.03.2026

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halky tarapyndan döwlet Baştutany hökmünde saýlanyp, wezipä girişmegine düýn — 19-njy martda dört ýyl boldy.

Türkmenistanyň raýatlary türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň täzeçil, döredijilikli pikirlenýän, ýokary bilimli we giň dünýägaraýyşly, Türkmenistanyň ykbaly üçin jogapkärçilik çekmäge ukyply ýaş ýolbaşçylary öňe sürmek başlangyjyny uly höwes bilen goldadylar. Şeýlelikde, Türkmenistanda 2022-nji ýylyň 12-nji martynda giň bäsdeşlik esasynda, milli saýlaw kanunçylygy we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda Prezident saýlawlary geçirildi we Serdar Berdimuhamedow dalaşgärleriň sesleriniň köpüsini gazanyp, Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň 19-njy martynda Aşgabat şäherinde ýerleşýän Ruhyýet köşgünde wezipä girişmegi mynasybetli dabarada eden çykyşynda türkmen halkynyň ägirt uly ynam bildirendigini, munuň bolsa raýatlaryň abadan durmuşynyň, nesilleriň bagtyýar geljeginiň bähbidine türkmen döwletiniň gülläp ösmegi hem-de berkemegi üçin has yhlasly zähmet çekmäge borçlandyrýandygyny nygtady.

Häzirki wagtda Garaşsyz Türkmenistan Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Bitaraplyk syýasatyny üstünlikli dowam etdirip, parahatçylyk döredijilik, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny bütin dünýä äşgär edýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 68-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti döwletiň we ýerine ýetiriji häkimiýetiň baştutanydyr, Türkmenistanyň iň ýokary wezipeli adamydyr.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

tapi toph THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

TAPI — sebitara hyzmatdaşlygyň dabaralanmagy

hytay THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanda Adaty hytaý lukmançylyk merkezini açmak meýilleşdirilýär

Soňkylar Habar

GitTop