Dark
Light
15.09.2026
futzal 26 THE ASHGABAT TIMES

Sporta söýgi – ýeňişlere ylham

19.03.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sporta we sagdyn durmuş ýörelgesine berilýän üns biz — talyp ýaşlary täze belentliklere ruhlandyrýar. Häzirki wagtda badalga alan Türkmenistanyň Talyplar futzal ligasy hut şeýle joşgunly ruhuň aýdyň subutnamasydyr.

2026-njy ýylyň 19-njy fewralynda badalga alan bu gyzykly ýaryşlar diňe bir sport bäsleşigi däl, eýsem, ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we agzybirligiň nyşanyna öwrüldi. Ýaryşlar iki topara bölünip geçirilýär: Liga-A toparlarynyň oýunlary her hepdäniň duşenbe we penşenbe günleri guralsa, Liga-B toparlarynyň bäsleşikleri bolsa hepdäniň şenbe günlerinde geçirilýär. 19-njy fewraldan 27-nji iýuna çenli dowam etjek bu çekeleşikli oýunlaryň jemleýji tapgyryna bolsa 25-nji iýunda garaşylýar.

Biz — Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary hem bu uly sport baýramyndan çetde galmaýarys. Institutymyzyň sport desgalarynda talyp türgenlerimiz yzygiderli türgenleşikleri geçirýärler. Mugallymlarymyzyň we tejribeli tälimçilerimiziň goldawy bilen, biziň toparymyz ýaryşyň her bir tapgyryna uly taýýarlykly gelýär. Institutymyzda diňe bir meýdançada däl, eýsem, janköýerlik etmekde-de uly agzybirlik bar. Talyp ýoldaşlarymyz her bir oýunda öz türgenlerimizi ruhlandyryp, ýeňşe bolan ynamy artdyrýarlar.

Bu ýaryşlar ýaşlaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmek, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek we türkmen sportunyň geljekki ýyldyzlaryny ýüze çykarmak üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Biz hem öz gezegimizde, institutymyzyň adyndan çykyş edýän ähli talyplarymyza we beýleki ýokary okuw mekdepleriniň toparlaryna üstünlik arzuw edýäris. Goý, iň güýçlüler ýeňiş gazansyn we sportuň joşguny hemişe bizi täze ýeňişlere sary alyp gitsin!

Batyrmyrat MUHAMMEDOW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň pedagogika fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

caga 26 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ýaş nesiller – geljegiň eýeleri

1000023305 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

“Materiallaryň garşylygy” dersinden V Açyk halkara internet olimpiadasy geçirildi

Soňkylar Makalalar

Mukaddes buýsanjymyz, beýik geljegimiz

14.09.2026
2026-njy ýylyň ýurdumyzda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ― bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi hem-de şu ýyl eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly

«Bitarap, Garaşsyz topragyň nurdur»

14.09.2026
Türkmenistan 35 ýyl mundan ozal özüniň Garaşsyzlygyny yglan edip, demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşyny saýlap aldy. Ýurdumyz şol taryhy wakadan soňra özygtyýarly hem-de

Garaşsyzlyk – nesilleriň we ösüşiň ak ýoly

14.09.2026
Hormatly Prezidentimiz: «Eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygy bagtyýar we abadan durmuşymyzyň binýadydyr» diýip nygtaýar. Bagtyýar we abadan durmuşymyzyň binýady bolan Garaşsyzlygymyzy gazananymyzdan soňra ýurdumyzyň ösüşleri nusgalyk
GitTop