Dark
Light
09.08.2026
hytay THE ASHGABAT TIMES

Strategik hyzmatdaşlygyň täze sahypasy

30.03.2026

Hytaý Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny resmi taýdan ykrar eden we döwletimiz bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýan ilkinji ýurtlaryň biridir. Soňky ýyllarda iki ýurduň Liderleriniň ýolbaşçylygy hem-de goldawy esasynda türkmen-hytaý gatnaşyklary depginli ösüp, hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygyň täze derejesine çykdy. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň köp ýyllaryň dowamynda alyp baran netijeli işlerine uly orun degişli bolup, şol tagallalara dostlukly ýurtda ýokary baha berilýär. 

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklar many-mazmun taýdan has-da baýlaşdyrylyp, daşary syýasat, ykdysadyýet, söwda, medeniýet, ylym-bilim ýaly ugurlary öz içine alýar. Şeýle-de soňky ýyllarda syýasy partiýalaryň arasyndaky gatnaşyklar, parlamentara dialog giňeldilýär. Pekinde geçirilen ýokary derejeli gepleşiklerde Milli Liderimiz Hytaýyň öňe sürýän Howpsuzlyk, Siwilizasiýa, Ösüş, Dolandyryş ýaly ählumumy başlangyçlarynyň Türkmenistanyň «Ösüş arkaly parahatçylyk», «Dialog — parahatçylygyň kepili» ýaly başlangyçlarynyň maksatlaryna we filosofiýasyna laýyk gelýändigini aýtdy. Si Szinpin hem hyzmatdaşlykda ýetilen sepgitlere ýokary baha berip, halkara syýasatyň üýtgäp durýan şertlerine garamazdan, türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň birek-biregi hormatlamak, deňlik, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Ýeri gelende ýatlasak, Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň 2009-njy ýylyň 14-nji dekabrynda ulanmaga berlen wagtyndan bäri, ylalaşyga laýyklykda, Türkmenistan her ýyl dostlukly döwlete 40 milliard kub metre golaý tebigy gazy iberýär. Häzirki wagtda bu görkezijini 65 milliard kub metre çenli artdyrmagyň üstünde işlenilýär. 20-nji martda hormatly Prezidentimiziň agzalan taslamany çig mal bilen üpjün edýän «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyrynyň çäginde ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany we şol möçberde harytlyk gazy taýýarlamak üçin ýeterlik boljak ulanyş guýularyny taslamalaşdyrmak hem-de doly taýýar edip gurmak barada Hytaýyň «CNPC Amudarya Petroleum Company Ltd.» kompaniýasy bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berýän Karara gol çekmegi-de Milli Liderimiziň saparynyň netijeli häsiýetinden habar berýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde, döwletleriň arasyndaky dost-doganlyga esaslanýan hyzmatdaşlyklary ilerletmekde möhüm başlangyçlary durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Bäşim GURBANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

cagalar taze THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Kämil nesil – bagtyýar geljegiň binýady

bmg2 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

BMG-niň käbir düzümleriniň Türkmenistandaky wekilleri «Arkadag» medaly bilen sylaglanyldy

Soňkylar Makalalar

Şöhratly taryhyň ýaňy

06.08.2026
Dogrudan hem, bu günki gün «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen beýik şygar bilen türkmen halkyny aýdyň geljege sary

Biz – buýsançly döwrüň bagtyýar bilim işgärleri!

04.08.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek, şol sanda mekdebe çenli bilim-terbiýeçilik işlerini kämilleşdirmek ugrunda döredilýän giň mümkinçilikler, açylyp ulanylmaga berilýän

Garaşsyzlyk – halkyň buýsanjy we bagty

04.08.2026
Garaşsyzlyk her bir halkyň iň gymmatly baýlygy, döwletliligiň we milli erkinligiň esasy nyşanydyr. Ol halkyň öz ykbalyny özbaşdak kesgitlemäge, syýasy, ykdysady we medeni ösüş
GitTop