Dark
Light
08.09.2026
hytay THE ASHGABAT TIMES

Strategik hyzmatdaşlygyň we dostlugyň täze belentlikleri

23.03.2026

Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran dostluk sapary iki döwletiň arasyndaky köpasyrlyk taryhy bolan dostlukly gatnaşyklary täze, strategik basgançaga çykarýar. Bu sapar diňe bir ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň däl, eýsem sebitde we dünýäde parahatçylygyň hem-de durnuklylygyň berkidilmegine goşant goşýan möhüm syýasy wakadyr.

Gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän bu iki ýurduň arasyndaky häzirki zaman gatnaşyklary “Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegi” we Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” başlangyçlarynyň utgaşmagy arkaly has-da rowaçlanýar. Häzirki türkmen-hytaý dialogy gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýar. Taryhy maglumatlara görä, biziň eýýamymyzdan öňki II asyrda Hytaý imperatory U Diniň ilçisi Çžan Sýan Parfiýa gelende uly hormat bilen garşylanypdyr. Hut şonda ilçiniň üsti bilen hytaý imperatoryna ilkinji behişdi bedew sowgat iberilipdir.

Saparyň dowamynda HHR-iň Başlygy Si Szinpine Gadyrly atly ajaýyp ahalteke bedewiniň sowgat berilmegi ähmiýetli waka boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan berlen bu sowgat hakyky dostlugyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. HHR-iň Başlygy sowgady hoşallyk bilen kabul edip, 12 ýyl mundan ozal oňa Gahryman atly bedewiň hem sowgat berlendigini ýatlady. Si Szinpin “At — myrat”, “At agynan ýerde toý bolar” ýaly türkmen nakyllaryny mysal getirip, Hytaýda ahalteke bedewlerine uly sarpa goýulýandygyny nygtady.

Ykdysady hyzmatdaşlygyň esasyny düzýän energetika pudagynda Türkmenistan we Hytaý dünýä derejesinde nusgalyk işleri durmuşa geçirýärler. Türkmenistanyň tebigy gazynyň Hytaýa iberilmegi boýunça amala aşyrylýan iri taslamalar iki ýurduň milli bähbitleriniň we özara ynanyşmagynyň aýdyň subutnamasydyr. Mundan başga-da, ulag-logistika, dokma senagaty, ýokary tehnologiýalar we sanly ykdysadyýet ýaly ugurlarda gazanylan ylalaşyklar täze iş orunlarynyň döredilmegine hem-de ykdysady ösüşiň çaltlandyrylmagyna mümkinçilik berýär.

Döwletara gatnaşyklarda ylym-bilim we medeni-ynsanperwer ulgamlaryna hem aýratyn orun berilýär. Hytaýyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde türkmen ýaşlarynyň bilim almagy, iki ýurduň medeniýet günleriniň yzygiderli geçirilmegi halklarymyzyň bir-birine has-da ýakynlaşmagyny üpjün edýär. Ine, şeýle taryhy pursatlar Türkmenistanyň halkara abraýynyň belende galýandygyny we Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk söýüji diplomatiýasynyň rowaçlyklara beslenýändigini ýene bir gezek subut edýär.

Şöhrat JODYÝEW,
TDP-niň Döwletli etrap komitetiniñ başlygy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

bahar pasyl THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bahar pasly – gözellik, söýgi we baky ýaşaýyş

yajiti6l98qtvmlenf39ooamf3yzhr 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi bilen duşuşyk barada

Soňkylar Makalalar

Kitaba sarpa – durmuşa söýgi

07.09.2026
Kitap milli medeniýetiň ölçeg daşydyr. Kitaba, çeper edebiýata, döredijilige aýratyn sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň eserleri ýaş nesliň kalbyna milli ruhy gymmatlyklaryň

Döwrebap bilim ojagy – milli pedagogikanyň binýady

07.09.2026
Bilimler we talyp ýaşlar gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly gatnaşmagynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň açylyp

Kitaba bolan söýgi maşgaladan başlanýar

05.09.2026
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde mugallymlar, talyp ýaşlar we okuwçylar bilen geçiren umumy okuw sapagynda

Türkmenistan – bilimler ýurdy

04.09.2026
Altyn güýzüň ilkinji gününde — 1-nji sentýabrda Türkmenistan döwletimiziň ähli okuw mekdeplerinde täze — 2026-2027-nji okuw ýylynyň başlanýandygyny buşlaýan ilkinji jaň ýaňlandy. Bilimler we

Döwletli geňeş – berkarar geljek

04.09.2026
Türkmen halkynyň müňýyllyklara uzaýan döwletlilik mekdebi halka sala salmak, il-günüň agzybirligine hem-de pederlerimizden dowam edip gelýän parasatly durmuş ýörelgelerine daýanmak ýaly belent gymmatlyklardan gözbaş
GitTop