Düýn – 4-nji martda Halkara zenanlar güni mynasybetli Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda yglan edilen «Talyp gözeli — 2026» atly gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.
Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde geçirilen deslapky saýlawlarda zehini, ukyp-başarnygy bilen has tapawutlanmagy başaran talyp gyzlaryň 24-si gatnaşdy.
Ýeňijiler şeýle kesgitlendi:
Baş baýrak – Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň fizika fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Aýjan Baýramowa;
1-nji orun – Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Güljeren Meläýewa;
2-nji orun – Türkmen döwlet medeniýet institutynyň medeni miras fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Aýgül Kakaýewa hem-de Türkmen döwlet maliýe institutynyň salgytlar we salgyt salmak fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Merjen Töräýewa;
3-nji orun – S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň agronomçylyk fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Amansoltan Orazmämmedowa, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň inžener-mehanika fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Läle Gylyçdurdyýewa, şeýle hem Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň marketing fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Aýlar Muhammedowa.
«THE ASHGABAT TIMES».