Dark
Light
08.09.2026
nowruz bayram THE ASHGABAT TIMES

Täze günüň we täzelenişiň baýramy

17.03.2026

Gündogar halklarynyň taryhy-medeni däp-dessurlaryny dünýä ýaýýan, täze günüň, täze ýylyň buşlukçysy hasaplanýan Nowruz baýramy ýetip geldi. Ol diňe bir baharyň gelendigini buşlaýan sene bolman, eýsem, tebigatyň janlanýandygyndan hem habar berýär. Nowruz döredijilige, zähmetiň ýokary göterilişine, daşky gurşawyň özgermegine çagyryş bolmak bilen, tebigata sazlaşyk, gözellik we hoşniýetlilik eçilýär.

Nowruz baýramy köpöwüşginliligi, taryhy gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýdýandygy hem-de ruhy däp-dessurlary özünde jemleýändigi bilen tapawutlanýar. Nowruz gelende, ekin meýdanlary al-ýaşyl öwsüp, gyşdan çykan maýsalar atyz-pellere görk berip başlaýar. Daýhanlarymyz topraga gowaça çigidini oklap, täze hasylyň düýbüni tutýarlar. Aýdymda aýdylyşy ýaly, ýer görküni ynsan bezäp, uz eýleýän döwri başlanýar.

Gije bilen gündiziň deňleşip, ýazky meýdan işlerine badalga berilýän döwürde bellenilýän Nowruz baýramy sahawatly topraga nur eçilýän pursatlara gabat gelýär. Bu baýramyň gelmegi bilen, ýurdumyzda oba hojalyk işleriniň depginleri ýokarlanýar. Şeýle hem bu günlerde köpçülikleýin bag nahallarynyň oturdylmagy halkymyzyň ajaýyp baýramçylyk bilen asylly işleri utgaşdyrýandygynyň beýanydyr. Şeýlelikde, ýurdumyzyň sähra giňişliklerinde, dag eteklerinde tokaý zolaklary emele gelýär.

Taryhy çeşmelerde gadymy oguzlarda Nowruz baýramynyň döreýşi we onuň köpçülikleýin bellenilişi barada täsirli maglumatlar getirilýär. Bu baýramyň gelip çykyşy hakynda Gündogaryň meşhur alymy we şahyry Omar Haýýamyň «Nowruznama» eserinde-de giňişleýin beýan edilýär. S.A.Tokarewiň bellemegine görä, gadymy oguzlarda tebigatyň janlanmagy mynasybetli geçirilýän dabaralaryň guramaçylykly bolmagy üçin ýörite geňeş çagyrylyp, ähli meseleler agzybirlikde maslahatlaşylypdyr. Goý, bu ajaýyp baýram ata-babalarymyzyň mirasy bolan ýagşy däp-dessurlarymyzy dünýä ýaýyp, bir-birek bilen mähirli, dostlukly gatnaşyklarymyzy has-da pugtalandyrsyn!

Zewar BOGBEKOWA,
Daşoguz şäheriniň 16-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

galkynys baku THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Bakuda täsirli çykyşlary görkezdi

nowruz kollazh 26 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Nowruz – umumadamzat gymmatlygy

Soňkylar Makalalar

Kitaba sarpa – durmuşa söýgi

07.09.2026
Kitap milli medeniýetiň ölçeg daşydyr. Kitaba, çeper edebiýata, döredijilige aýratyn sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň eserleri ýaş nesliň kalbyna milli ruhy gymmatlyklaryň

Kitaba bolan söýgi maşgaladan başlanýar

05.09.2026
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde mugallymlar, talyp ýaşlar we okuwçylar bilen geçiren umumy okuw sapagynda

Türkmenistan – bilimler ýurdy

04.09.2026
Altyn güýzüň ilkinji gününde — 1-nji sentýabrda Türkmenistan döwletimiziň ähli okuw mekdeplerinde täze — 2026-2027-nji okuw ýylynyň başlanýandygyny buşlaýan ilkinji jaň ýaňlandy. Bilimler we

Döwletli geňeş – berkarar geljek

04.09.2026
Türkmen halkynyň müňýyllyklara uzaýan döwletlilik mekdebi halka sala salmak, il-günüň agzybirligine hem-de pederlerimizden dowam edip gelýän parasatly durmuş ýörelgelerine daýanmak ýaly belent gymmatlyklardan gözbaş

Durmuş sapaklaryny öwredýän gymmatly hazyna

04.09.2026
Ynsan özüniň bütin ýaşaýyş durmuşynda ömrüniň manysyny gözleýär. Öz söýen kär-hünärini saýlap, nesil ýetişdirip, onuň manysyny artdyrmaga, adamlaryň durmuşyna many çaýmaga çalyşýar. Gahryman Arkadagymyzyň
GitTop