Dark
Light
05.10.2026
nowruz bayram THE ASHGABAT TIMES

Täze günüň we täzelenişiň toýy

22.03.2026

Merdana milletimiziň milli medeni mirasy, däp-dessurlary, yrym-ynançlary bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklar bolup, şunda şöhratly ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine wepalylygy, söýgini kemala getirmekde, ýurdumyzyň özboluşly aýratynlyklaryny dünýä ýüzüne giňden tanatmakda halkymyzyň milli baýramlary örän ähmiýetlidir. Şoňa görä-de, toýlary toýlara ulaşýan eziz Diýarymyzda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni giňden bellenilýär.

Däp bolşy ýaly, häzirki wagtda dünýäniň birnäçe halklary bilen birlikde, türkmen halky hem Nowruz baýramyny giňden belleýär. Bu sene bütin dünýäde uly meşhurlyga eýe bolmak bilen, umumadamzady parahatçylyga, dostluga we hoşniýetlilige çagyrýar. Bu barada hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: «Gündogar halklarynyň durmuşynda täzelenişiň, ynsanperwerligiň, agzybirligiň we jebisligiň baýramyna öwrülen Nowruz baýramy dünýä ýüzünde giňden meşhurdyr».

Gije bilen gündiziň ýazky deňleşýän wagtyna gabat gelýän Milli bahar baýramynda ýerine ýetirilýän däp-dessurlar halkymyzyň hemişe tebigat bilen sazlaşykly ýaşap, abadan durmuşa söýgüsiniň egsilmezdigini aýdyň görkezýär. Nowruz baýramy bilen baglanyşykly mizemez däp-dessurlar özboluşlylygy bilen tapawutlanyp, milletara gatnaşyklaryň binýadyny berkidýär. Şunuň esasynda, 2009-njy ýylda Nowruz baýramynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi halkara ähmiýetli wakadyr. 2010-njy ýylyň fewral aýynda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde her ýylyň 21-nji martynyň «Halkara Nowruz güni» diýlip yglan edilmegi hem-de bu barada ýörite Kararnamanyň kabul edilmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Milli senenamamyzda görnükli orun alan bu baýram ýaş nesillerimiziň kalbynda watançylyk, zähmetsöýerlik, ynsanperwerlik häsiýetlerini kemala getirýär. Munuň özi bolsa Nowruz baýramynyň terbiýeçilik ähmiýetiniň örän uludygyny aýan edýär. Bu baýram halkymyzyň belent ruhuny, zähmetsöýerligini hem-de galkynyşy özünde jemläp, hemmeleri ösüşiň täze üstünliklere ruhlandyrýar we ýüreklerimizde gülläp ösýän Watanymyza, bagtyýar şu döwrümize hem-de nurana geljegimize buýsanjymyzy, söýgimizi artdyrýar.

Adalat ŞAMURZAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

interwyu THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymyna interwýu berdi

bag ekmek 26 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Soňkylar Makalalar

Milletiň ogullaryna ruhy tagzym!

05.10.2026
Her ýylyň 6-njy oktýabrynda ýurdumyzda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, şeýle-de ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hasrat bilen hatyralanýarlar. Bu gün mynasybetli

Halk hakydasyna hormat

04.10.2026
Ýurdumyzda her ýylyň 6-njy oktýabrynda durmuşyň abadanlygy, halkyň erkinligi ugrunda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar, şeýle-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary ýatlanylyp,

Garaşsyz Watanymyzyň bilimli nesilleri

03.10.2026
Her bir halkyň taryhynda aýratyn ähmiýetli döwürler bolýar. Olar millet üçin diňe bir täze eýýamyň başlangyjy bolman, eýsem, onuň geljegini, ykbalyny hem kesgitleýär. Türkmen

Bilim bilen belent maksatlar rowaçlanýar

03.10.2026
Ýur­du­myz­da ylym we bi­lim ös­dü­ril­ýär. Be­ýik iş­le­riň üs­tün­lik­li al­nyp ba­ryl­ma­gy hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar dur­mu­şy­ny, döw­re­bap ýa­şaý­şy­ny üp­jün et­di. Ola­ryň ma­ny-maz­mu­ny, äh­mi­ýe­ti ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň has-da
GitTop