Dark
Light
15.09.2026
semeni THE ASHGABAT TIMES

Täze günüň we täzelenişiň toýy

15.03.2026

Toýlary toýlara ulaşýan eziz Diýarymyzda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni giňden bellenilýär. Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdyp, durmuşyň baky dowamatyny, hoşniýetliligi, ýokary ahlak taglymlaryny alamatlandyrýan bu ajaýyp baýram Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.

Gündogar halklarynyň arasynda giňden bellenilip gelinýän Nowruzyň iňňän gadymy we şöhratly taryhy bar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Dünýäniň birnäçe halklary bilen birlikde, türkmen halky hem gadymy döwürlerden bäri Nowruz baýramyny giňden belleýär. Gündogar halklarynyň durmuşynda täzelenişiň, ynsanperwerligiň, agzybirligiň we jebisligiň baýramyna öwrülen Nowruz baýramy dünýä ýüzünde giňden meşhurdyr. Nowruz baýramy bilen baglanyşykly ýerine ýetirilýän däp-dessurlar dünýä halklarynyň arasynda parahatçylyga, dost-doganlyga esaslanýan hoşniýetli gatnaşyklaryň binýadyny berkidýär» diýen paýhasly sözleriniň çuňňur  many-mazmuny munuň özboluşly tassyknamasy bolup ýaňlanýar.

Gije bilen gündiziň ýazky deňleşýän wagtyna gabat gelýän Milli bahar baýramynda ýerine ýetirilýän däp-dessurlar halkymyzyň hemişe tebigat bilen sazlaşykly ýaşap, abadan durmuşa söýgüsiniň egsilmezdigini aýdyň görkezýär. Nowruzyň däp-dessurlarynyň dünýä halklarynyň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny kämilleşdirýändigi dünýäde ykrar edilen hakykatdyr. 2009-njy ýylda Nowruz baýramynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi munuň buýsançly subutnamasydyr. 2010-njy ýylyň fewral aýynda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde her ýylyň 21-nji martynyň «Halkara Nowruz güni» diýlip yglan edilmegi hem-de bu barada ýörite Kararnamanyň kabul edilmegi munuň üstüni ýetirdi.

Gyşyň togsanynyň dolup, ýazyň bossanynyň gelendigini alamatlandyrýan bu baýramyň yrym-ynançlarynyň, däp-dessurlarynyň nesil terbiýesindäki wajyp ähmiýetini hem nygtamak gerek. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne mahsus şatlyk-şowhunda, ýokary ruhubelentlikde giňden toýlanýan bu baýram ýurduň daýanjy bolan ýaş nesliň kalbynda watançylyk, zähmetsöýerlik, ynsanperwerlik ýaly gymmatly ahlak häsiýetlerini kemala getirmäge oňyn täsir edýär.

Näzik ATDAÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň pedagogika fakultetiniň I ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

🇹🇲turkmenistanyn prezidenti we halk maslahatynyn baslygy agzacar sadakasyny berdiler su gun as THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Aşgabatda «Halk hakydasy» toplumynda agzaçar sadakasy berildi

nowruz THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Nowruz baýramy: sazlaşyk, gözellik we hoşniýetlilik

Soňkylar Makalalar

Mukaddes buýsanjymyz, beýik geljegimiz

14.09.2026
2026-njy ýylyň ýurdumyzda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ― bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi hem-de şu ýyl eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly

«Bitarap, Garaşsyz topragyň nurdur»

14.09.2026
Türkmenistan 35 ýyl mundan ozal özüniň Garaşsyzlygyny yglan edip, demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşyny saýlap aldy. Ýurdumyz şol taryhy wakadan soňra özygtyýarly hem-de

Garaşsyzlyk – nesilleriň we ösüşiň ak ýoly

14.09.2026
Hormatly Prezidentimiz: «Eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygy bagtyýar we abadan durmuşymyzyň binýadydyr» diýip nygtaýar. Bagtyýar we abadan durmuşymyzyň binýady bolan Garaşsyzlygymyzy gazananymyzdan soňra ýurdumyzyň ösüşleri nusgalyk
GitTop