Dark
Light
13.09.2026
terbiye nesil yasuly THE ASHGABAT TIMES

Terbiýe iň gymmatly baýlykdyr

03.03.2026

Nesilleriň arasyndaky baglanyşygy diňe terbiýe arkaly kemala getirip, berkidip hem-de ösdürip bolýandygy hemmämize mälim hakykatdyr. Çünki terbiýe arkaly ýaş nesil ýaşuly nesilden iň oňat bilimleri, başarnyklary, endikleri kabul edip alýar, özüçe ýaşaýyş modelini ýasajak bolmaýar-da, ýüzýyllyklaryň dowamynda toplanan ygtybarly tejribäni has baýlaşdyrmaga we kämilleşdirmäge çalyşýar. Munuň özi jemgyýetiň durnuklylygyny, öňegidişligini, nesilleriň ruhy-ahlak kämilligini üpjün edýär.

Milli Liderimiz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Terbiýe iň gymmatly baýlykdyr, bilim we ylym bolsa terbiýäniň sütünidir» diýip belleýär. Munuň, hakykatdan-da, şeýledigine Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romanyny ýene bir ýola okap çykanyňda göz ýetirmek bolýar. Bu romanda hormatly Arkadagymyzyň kakasy, döwlet Baştutanymyzyň atasy Mälikguly Berdimuhamedowyň Beýik Watançylyk urşuna gabat gelen çagalygynyň bir döwri, has dogrusy, bir ýarym ýyly beýan edilýär.

Mälim bolşy ýaly, manyly ömrüni halkyna, Watanyna bagyş eden Mälikguly aga Berdimuhamet mugallymyň hünärini dowam edip, 1950-nji ýyldan başlap, öz okan mekdebinde kitaphanaçy bolup işe başlaýar, soňra başlangyç synp mugallymy bolýar. Oňa çenli durmuş mekdebinde taplanan ýigit uruş ýyllarynda — heniz on iki ýaşyndaka «Biz hökman ýeňeris, oňa güman ýok, // Ýöne ýeňiş aňsat ýerden bolmaýar» diýlip başlanýan «Ýeňiş biziňki bolar» atly goşgusyny döredýär. Munuň özi Mälikgulynyň durmuşda ir kämil çykandygyny, şahsyýet hökmünde eýýäm şol wagt kemala gelip başlandygyny görkezýär.

Asylly terbiýe — söz bilen hereketiň deň gelmegi, çyn görelde. Anna aganyň «Akyl sandyklary» Berdimuhamet mugallymyň esasy görelde mekdebi bolan bolsa, Mälikguly aga üçin kakasynyň görüm-göreldesi, öwüt-ündewleri, şol bir wagtda il-günüň ussat mugallyma bolan çäksiz hormaty durmuş ýörelgesi bolýar. Milli Liderimiz «Döwlet guşy» romanyna ýazan girişinde: «Mähriban kyblamyň ömür ýoly — maňa nusgalyk ýol, onuň asylly beýik ahlak sypatlary meniň idealym, meniň durmuş uniwersitetim» diýip nygtasa, hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Okamak, ýazmak, döretmek — maşgalamyza mahsus häsiýetleriň biri. Bular bize berlen terbiýäniň esasyny düzýän aýratynlyklar. «Okamak — bereket, ýazmak — kuwwat, döretmek döwletdir» diýerdiler» diýip bellemek bilen, terbiýäniň ruhy-ahlak, dünýägaraýyş taýdan kämil nesilleri ýetişdirmekdäki ähmiýetine üns çekýärler.

Hurmetaý HASANOWA,
Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň 29-njy orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

emblema 2026 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Behişdi bedewler – halkymyzyň buýsanjy

gyzlar dagda THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Zenan ýylgyrsa, Zemin ýylgyrar

Soňkylar Makalalar

Ýan­gyn­dan ägä bo­la­lyň!

11.09.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe raýatlaryň bagtyýar, asuda durmuşy, abadançylygy we saglygy barada uly aladalar edilýär. Bu ugurda ilat arasynda wagyz-nesihat etmegiň çäginde

Bedew bady bilen rowaçlygyň röwşen ýoluna!

11.09.2026
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda belent maksatlar rowaçlanýar, her bir günümiz üstünliklere beslenýär. Şeýle ajaýyp ýylda belent maksatlary nazarlap

Bilim – adamzadyň iň uly baýlygy

11.09.2026
Häzirki döwürde islendik jemgyýetiň hem-de ýurduň ösüşiniň esasy şertleriniň biri bilimli, başarnykly we maksada okgunly nesli terbiýelemekden ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryna, talyp

«Kitap okan gullar magnydan dokdur»

10.09.2026
Durmuşda ynsan kalbyna täsir etmekde çuňňur manyly sözden ähmiýetli zat, megerem, ýok bolsa gerek. Dana sözler, paýhasly jümleler, dürdäne pähimler her bir adamyň göwnüni
GitTop