Dark
Light
18.07.2026
zam 9756 new THE ASHGABAT TIMES

Terbiýeçilik işinde döwrebap usullar we milli tejribe

31.03.2026

Mekdebe çenli edaralar her bir çaganyň durmuşynda ilkinji jemgyýetçilik mekdebi bolup, olaryň geljekki şahsyýet hökmünde kemala gelmeginde düýpli orun tutýar. Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň 40-njy çagalar bakja-bagynda hem çagalara döwrebap bilim we terbiýe bermek, olaryň zehinini ýüze çykarmak hem-de ruhy taýdan sagdyn nesli ýetişdirmek ugrunda yzygiderli işler alnyp barylýar.

Terbiýeçi diňe bir bilim beriji däl, eýsem çaganyň dünýäsine aralaşyp bilýän, onuň gyzyklanmalaryny duýýan we ugrukdyrýan iň ýakyndaky maslahatçysydyr. Mekdebe çenli ýaşly çagalaryň aňy her bir täze maglumaty kabul etmäge örän çeýe bolup, bu döwürde ekilen edep-terbiýe tohumlary geljekde özüniň oňat miwelerini berýär. Häzirki zaman terbiýeçisiniň öňünde duran iň möhüm wezipeleriň biri — çagalaryň bilesigelijiligini höweslendirmek we olarda özbaşdaklyk endiklerini ösdürmekdir. Bakja-bagyň gündelik durmuşynda ulanylýan didaktiki oýunlar, interaktiw usullar we döredijilikli meşgullanmalar çaganyň diňe bir logiki pikirlenmesini däl, eýsem jemgyýetde özüni alyp barmak medeniýetini hem kämilleşdirýär.

Ertekiler dünýäsi, nakyllar we halk oýunlary arkaly çagalarda watansöýüjilik, ulylara hormat goýmak we zähmetsewerlik ýaly iň gowy häsiýetler kemala getirilýär. Her bir çaganyň aýratyn ukybynyň bardygyny göz öňünde tutup, olara şahsyýet hökmünde çemeleşmek terbiýeçilik işiniň hilini ýokarlandyrýar. Terbiýeçilik işinde maşgala bilen saklanýan ysnyşykly gatnaşyk hem üstünligiň esasy kepilidir. Ene-atalar bilen alnyp barylýan maslahatlaşmalar, çagalaryň ösüşi baradaky pikir alyşmalar terbiýäniň bitewüligini üpjün edýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň sagdyn we bilimli bolup ýetişmegi üçin döwletimiz tarapyndan döredilýän giň mümkinçilikler biz — terbiýeçileri has-da tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Biziň çagalar bakja-bagymyzda terbiýelenýän nesiller geljekde ýurdumyzyň ösüşlerine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşjak kämil şahsyýetler bolup ýetişjekdiklerine ynamymyz uludyr. Terbiýeçiniň söýgüsi we yhlasy bilen gurşalan her bir gün çaganyň ýadynda bagtyýar pursat bolup galýar we onuň geljekki üstünlikleriniň binýadyna öwrülýär.

Aýzada AÇYLOWA,
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň 40-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

caga bilim terbiye THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Mekdebe çenli bilim we terbiýe – geljegiň binýady

hytay metbugat THE ASHGABAT TIMES
Next Story

HHR-iň Türkmenistandaky ilçihanasynda metbugat maslahaty geçirildi

Soňkylar Makalalar

Ekologiýa we daşky gurşawyň abadançylygy

17.07.2026
Häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde duran iň möhüm meseleleriň biri hem ekologiýa abadançylygydyr. Ykdysady ösüşleriň, şäherleşmegiň we tehnologiýalaryň çalt depginde ösmegi tebigata edýän täsirini hem güýçlendirýär.

Jana şypaly tebigat

17.07.2026
Biziň ýaşaýan we bizi gurşap alýan goja Zemin özüniň ajaýyp tebigaty, reňbe-reň pasyllary, haýwanat we ösümlik dünýäsi bilen gözeldir. Halk arasynda tebigata we durnukly

Suw – ýaşaýşyň gözbaşy

17.07.2026
Suw Ýer ýüzündäki ähli janly-jandarlaryň, ösümlikleriň we adamyň ýaşamagy üçin iň esasy zatdyr. Ol ýaşaýşyň gözbaşy hem-de bütin adamzat taryhynyň, medeniýetleriniň we siwilizasiýalaryň kemala

Kitap ynsanyýetiň baş baýlygydyr, bilimler çeşmesidir

17.07.2026
Ylym-bilim ojagynyň esasy binýady kitaphanalarda jemlenýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda kitaphana işiniň kämilleşdirilmegi, ýaşlaryň kitap okamagy üçin zerur şertleriň
GitTop