Dark
Light
17.06.2026
emblema 2026 THE ASHGABAT TIMES

Türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy bilen duşuşdy

19.03.2026

18-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaýa dostluk saparynyň dowamynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen resmi duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň geçirilýän ýerinde türkmen halkynyň Milli Liderini HHR-iň Başlygy mähirli garşylady. Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda gepleşikler geçirildi.

Duşuşykda türkmen halkynyň Milli Lideri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň HHR-iň Başlygy Si Szinpine özi üçin islendik amatly wagtda ýurdumyza sapar bilen gelmäge iberen çakylyk hatyny gowşurdy.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin köklerini gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň döwründen alyp gaýdýan türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

emeli an merkez THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanda emeli aň boýunça Milli strategiýa we Maglumat merkezi dörediler

bedew yyly taze THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ata Watanymyzyň bedew batly sepgitleri

Soňkylar Habar

GitTop