Dark
Light
08.09.2026
interwyu THE ASHGABAT TIMES

Türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymyna interwýu berdi

22.03.2026

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran dostluk saparynyň dowamynda Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymynyň esasy alypbaryjysy He Ýanke bilen bolan söhbetdeşligiň öňüsyrasynda onuň bilen iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary barada pikir alyşdy.

Häzirki döwürde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň tutuş adamzat ähmiýetli öňe sürýän başlangyçlary Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilýär. Munuň özi Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki abraýynyň belende galmagyna giň ýol açýar. Bu bolsa dünýäniň iri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ünsüni özüne çekýär. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen HHR-iň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklar iki ýurduň halkara hyzmatdaşlygynyň esasyny düzýär. Bu ýerde žurnalist Gahryman Arkadagymyzyň ömür ýoly, döredijiligi, ýazan kitaplary bilen gyzyklanýandygyny nygtady.

Soňra alypbaryjy He Ýanke Milli Liderimizden teleýaýlymyň belent mertebeli myhmanlar üçin niýetlenen Ýazgylar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrmagyny haýyş etdi. Gahryman Arkadagymyz dünýäde meşhurlyk gazanan «CGTN» teleýaýlymynyň Ýazgylar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyryp, iki ýurduň arasynda ýola goýlan gatnaşyklaryň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «CGTN» teleýaýlymynyň esasy alypbaryjysy bilen sowal-jogap arkaly söhbetdeş boldy. Interwýu metbugatda dolulygyna çap edildi.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

nowruz kollazh 26 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Gelse Nowruz äleme…

nowruz bayram THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Täze günüň we täzelenişiň toýy

Soňkylar Habar

GitTop