Dark
Light
05.10.2026
hytayyy THE ASHGABAT TIMES

Türkmen-hytaý gatnaşyklarynda täze taryhy sahypa

24.03.2026

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Hytaýyň «China Global Television Network» (CGTN) teleýaýlymyna beren interwýusy dünýäniň syýasy giňişliginde uly seslenme döredip, iki ýurduň arasyndaky berk dostlugyň täze sahypasyny açdy. Bu taryhy söhbetdeşlik diňe bir diplomatik gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny däl, eýsem Beýik Ýüpek ýolunyň dowamaty hökmünde kemala gelen Türkmenistan-Hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň geljekki uly meýilnamalaryny hem aýdyň görkezdi.

Gahryman Arkadagymyz öz interwýusynda iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň özara ynanyşmaga, birek-birege hormat goýmaga we bähbitleriň umumylygyna esaslanýandygyny aýratyn nygtady. Esasan hem, energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk barada durup geçmek bilen, Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň häzirki zaman dünýäsiniň iň iri we netijeli taslamalarynyň biridigini, munuň bolsa diňe bir iki ýurt üçin däl, eýsem sebitde durnukly ösüşi we energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedigini belledi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek» strategiýasy bilen Hytaýyň «Bir guşak — bir ýol» başlangyjynyň utgaşmagy Ýewraziýa yklymynda täze ulag-logistika mümkinçilikleriniň döremegine ýol açýar. Bu iki uly konsepsiýanyň biri-biriniň logiki dowamy bolup durmagy ykdysady gatnaşyklaryň diňe bir çig mal serişdeleri bilen çäklenmän, eýsem gaýtadan işleýän senagaty, sanly tehnologiýalary we ýokary tehnologik pudaklary hem öz içine alýandygyny görkezýär. Şol bir wagtyň özünde, interwýuda ynsanperwer gatnaşyklara, asyrlaryň dowamynda kemala gelen medeni köprülere uly orun berildi. Bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk, ýaşlaryň özara tejribe alyşmagy we halk lukmançylygyndaky gazanylan üstünlikler iki ýurduň geljege uly ynam bilen seredýändiginiň subutnamasydyr.

Netijede, bu interwýu Gahryman Arkadagymyzyň parasatly diplomatiýasynyň nobatdaky ýeňşi hökmünde taryha girip, Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň täze, has ýokary sepgitlere çykýandygyny dünýä jemgyýetçiligine ýene bir gezek mälim etdi. Bu dostlukly gatnaşyklar diňe bir şu günki güne däl, eýsem geljekki nesilleriň hem parahat we abadan durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen uzak möhletleýin strategik ýoldur.

Muhammetmurat NARMEDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

sgtn THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Halkara žurnalistikasynda «CGTN» teleýaýlymynyň orny

gazna sowgat 26 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Çagalara baýramçylyk sowgady gowşuryldy

Soňkylar Makalalar

Milletiň ogullaryna ruhy tagzym!

05.10.2026
Her ýylyň 6-njy oktýabrynda ýurdumyzda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, şeýle-de ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hasrat bilen hatyralanýarlar. Bu gün mynasybetli

Halk hakydasyna hormat

04.10.2026
Ýurdumyzda her ýylyň 6-njy oktýabrynda durmuşyň abadanlygy, halkyň erkinligi ugrunda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar, şeýle-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary ýatlanylyp,

Garaşsyz Watanymyzyň bilimli nesilleri

03.10.2026
Her bir halkyň taryhynda aýratyn ähmiýetli döwürler bolýar. Olar millet üçin diňe bir täze eýýamyň başlangyjy bolman, eýsem, onuň geljegini, ykbalyny hem kesgitleýär. Türkmen

Bilim bilen belent maksatlar rowaçlanýar

03.10.2026
Ýur­du­myz­da ylym we bi­lim ös­dü­ril­ýär. Be­ýik iş­le­riň üs­tün­lik­li al­nyp ba­ryl­ma­gy hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar dur­mu­şy­ny, döw­re­bap ýa­şaý­şy­ny üp­jün et­di. Ola­ryň ma­ny-maz­mu­ny, äh­mi­ýe­ti ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň has-da
GitTop