Dark
Light
12.04.2026
turkmen eyran THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistan Eýran Yslam Respublikasyna ynsanperwerlik ýüküni iberer

14.03.2026

TDH-da habar berlişi ýaly, türkmen halkynyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryndan, ata-babalarymyzyň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerinden ugur alyp, şeýle hem Oraza aýy we mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Eýran Yslam Respublikasynyň halkyna, ilkinji nobatda, ýurduň çagalaryna dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň nyşany hökmünde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan derman we saglygy goraýyş maksatly serişdelerden, beýleki önümlerden ybarat ynsanperwerlik ýüküni ibermek bellenildi.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

bag ekmek 25 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanda 2026-njy ýylyň 21-nji martynda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler

asan viza THE ASHGABAT TIMES
Next Story

“ASAN Visa” portalynyň türkmen dilindäki wersiýasy işe girizildi

Soňkylar Habar

GitTop