Dark
Light
13.10.2026
deniz gurama THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistan Halkara Deňiz Guramasy bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär

17.03.2026

Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň dünýäniň deňiz gatnawlary bazaryndaky ornuny pugtalandyrmak meseleleri wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowyň hasabatynyň esasy mowzugy boldy.

Türkmenistan 1993-nji ýyldan bäri Halkara Deňiz Guramasynyň (HDG) agzasy bolup, eýýäm 14 sany halkara konwensiýasyna goşuldy. Indi bolsa ýurdumyz ählumumy ulag ulgamyna integrasiýa bolmakda nobatdaky ädimi ädýär.

Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň ulag diplomatiýasy ulgamynda öňe sürýän başlangyçlaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilen birnäçe teklipler beýan edildi. Hususan-da, HDG-niň täze resminamalaryna goşulmak boýunça işleri utgaşdyrmak üçin düzümine degişli ministrlikleriň wekilleri girjek iş toparyny döretmek meýilleşdirilýär.

Halkara deňiz gämi gatnawyny ýeňilleşdirmek hakynda Konwensiýa goşulmak ileri tutulýan wezipeleriň biri bolar, bu bolsa portlardaky amallary ýönekeýleşdirmäge we ýük dolanyşygyny çaltlandyrmaga ýardam eder. Şeýle-de HDG-niň ýolbaşçylarynyň Türkmenistana saparlaryny guramak, birnäçe amaly maslahatlary we okuw maslahatlaryny geçirmek teklip edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hödürlenen teklipleri makullady we wise-premýere, daşary işler ministrine birnäçe tabşyryklary berdi.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

nowruz guni THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Nowruz – ýagşylygyň ilçisi

tennis federasiyasy THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Tennis federasiýasy uly tennis boýunça açyk ussatlyk sapagyny geçirer

Soňkylar Habar

GitTop