Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň gadymy Beýik Ýüpek ýoly döwründen gözbaş alýan dostlukly gatnaşyklary häzirki wagtda ähli ugurlarda yzygiderli ösdürilýär. Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň 17 — 19-njy martynda Hytaýa amala aşyran dostluk sapary bolsa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypany açdy.
Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlyk onýyllyklaryň synagyndan geçen we döwletara gatnaşyklarda nusgalyk tejribä öwrülen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mysalydyr. Döwletara, syýasy-jemgyýetçilik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda islendik meselede birek-birege ynanyşmak, düşünişmek, tejribe alyşmak esasynda arkalaşykly hereket edýän ýurtlarymyzyň halkara soraglarda-da garaýyşlarynyň meňzeşdigini ýa-da ýakyndygyny bellemek zerurdyr. Bu bolsa häzirki çylşyrymly ýagdaýlarda has-da möhüm. Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen geçiren resmi duşuşygynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys meseleleri barada jikme-jik pikir alşylyp, geljek üçin anyk çelgiler kesgitlenildi.
Hytaý köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň iň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşy bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň, Milli Liderimiziň geçirýän ýokary derejeli gepleşikleri, iri kompaniýalar bilen ýola goýulýan gatnaşyklar özara söwdanyň möçberiniň artmagyna, bilelikdäki maýa goýum taslamalarynyň amala aşyrylmagyna binýat bolýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy meşhur «CGTN» teleýaýlymyna beren interwýusynda 2007-nji ýyldan häzirki döwre çenli iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň 20 esse artandygyny, onuň her ýylda 9-10 milliard amerikan dollaryna barabar bolýandygyny aýratyn belledi. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň iri kärhanalarynyň önümleriniň hytaý bazarynda öz ornuny tapýandygy guwandyryjy ýagdaýdyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent maksatlary hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini talap edýär. Gahryman Arkadagymyzyň HHR-e amala aşyran dostluk sapary bolsa milli bähbitleriň ählumumy ösüş maksatlary bilen sazlaşykly utgaşýandygynyň aýdyň mysalydyr.
Gülşat HAKYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.