Dark
Light
05.10.2026
hytayyy THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistan – Hytaý: döwletara gatnaşyklaryň täze sahypasy

24.03.2026

Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna dostluk saparyny amala aşyrdy. Aýratyn ynanyşmak ýagdaýynda geçen bu sapar türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň Ýewraziýada durnuklylygyň arhitekturasyny kesgitleýän hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykandygynyň aýdyň güwäsi boldy.

Hytaýyň “Ženmin Žibao”, “Sinhua” ýaly iri köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Milli Liderimiziň saparyny giňden şöhlelendirip, ony “döwür üçin ähmiýetli waka” diýip atlandyrdylar. “Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Pekine şu gezekki saparyna mizemez dostlugyň we hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň aýdyň nyşany hökmünde garalýar. Iki Lideriň duşuşygynyň Hytaý Täze ýylynyň we Nowruz baýramynyň sepgidine gabat gelmegi iki beýik döwletiň arasyndaky özara hyzmatdaşlygyň nusgasy bolup, gatnaşyklarymyzyň gülläp ösüş döwrüne gadam urýandygyny alamatlandyrýar” diýlip “Sinhuanyň” berýän habarlarynda bellenilýär. 

Bu gün Türkmenistanyň “Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek” strategiýasynyň Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” başlangyjy bilen utgaşdyrylmagy netijesinde bu gadymy söwda ýoluna täze badalga berilýär. Gepleşikleriň dowamynda Milli Liderimiz we Hytaýyň Başlygy deňhukuklylyk, özara hormat goýmak ýörelgeleri esasyndaky dünýä gurluşy babatda ýurtlarymyzyň garaýyşlarynyň gabat gelýändigini tassykladylar. Gahryman Arkadagymyz Hytaýyň öňe sürýän Howpsuzlyk, Siwilizasiýa, Ösüş we Dolandyryş ýaly ählumumy başlangyçlarynyň ähmiýetini nygtady. Bu konsepsiýalar Türkmenistanyň daşary syýasatynyň “Dialog — parahatçylygyň kepili”, “Ösüş arkaly parahatçylyk” ýaly filosofiýasyna many-mazmun taýdan gabat gelýär.

Ýangyç-energetika toplumy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibinde aýratyn orny eýeleýär. Şu ýyl Türkmenistan bilen Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) arasyndaky giň möçberli hyzmatdaşlyga 20 ýyl dolýar. Şol geçen döwürde halklaryň arasynda energetika köprüsi bolup çykyş edýän asyryň taslamasy — Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi durmuşa geçirildi. Sebit gün tertibiniň meseleleri babatda türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň strategik ähmiýetine ünsi çekdi. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň möhüm bölegi bolan bu taslama sebitiň logistika ulgamynyň üstüni ýetirip, Merkezi Aziýa sebitini Ýewraziýa kommunikasiýalarynyň wajyp merkezine öwürýär.

Jemläp aýdanyňda, Gahryman Arkadagymyzyň HHR-e amala aşyran dostluk sapary milli bähbitleriň ählumumy ösüş maksatlary bilen sazlaşykly utgaşýandygynyň aýdyň mysalydyr. 

Süleýman GURBANGULYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

bag ekmek 2626 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi

bedew yyly THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň bedew batly gadamlary

Soňkylar Makalalar

Milletiň ogullaryna ruhy tagzym!

05.10.2026
Her ýylyň 6-njy oktýabrynda ýurdumyzda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, şeýle-de ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hasrat bilen hatyralanýarlar. Bu gün mynasybetli

Halk hakydasyna hormat

04.10.2026
Ýurdumyzda her ýylyň 6-njy oktýabrynda durmuşyň abadanlygy, halkyň erkinligi ugrunda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar, şeýle-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary ýatlanylyp,

Garaşsyz Watanymyzyň bilimli nesilleri

03.10.2026
Her bir halkyň taryhynda aýratyn ähmiýetli döwürler bolýar. Olar millet üçin diňe bir täze eýýamyň başlangyjy bolman, eýsem, onuň geljegini, ykbalyny hem kesgitleýär. Türkmen

Bilim bilen belent maksatlar rowaçlanýar

03.10.2026
Ýur­du­myz­da ylym we bi­lim ös­dü­ril­ýär. Be­ýik iş­le­riň üs­tün­lik­li al­nyp ba­ryl­ma­gy hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar dur­mu­şy­ny, döw­re­bap ýa­şaý­şy­ny üp­jün et­di. Ola­ryň ma­ny-maz­mu­ny, äh­mi­ýe­ti ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň has-da
GitTop