Dark
Light
09.08.2026
hytay surat THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistan – Hytaý: giň gerimli gatnaşyklaryň binýady

25.03.2026

Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna dostluk saparyny amala aşyrdy. Aýratyn ynanyşmak ýagdaýynda geçen bu sapar türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň Ýewraziýada durnuklylygyň arhitekturasyny kesgitleýän hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykandygynyň aýdyň güwäsi boldy.

Saparyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri “CNPC-niň” direktorlar geňeşiniň başlygy Daý Houlýan bilen duşuşdy. Söhbetdeşlikde “Galkynyş” gaz känini mundan beýläk-de özleşdirmek boýunça anyk işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu käniň dördünji tapgyryny amala aşyrmaga taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselä aýratyn üns berildi. Bu taslama türkmen mawy ýangyjynyň gündogar ugur boýunça eksportyny ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer. “Galkynyş” gaz käniniň tapgyrlaýyn özleşdirilmegi täze iş orunlarynyň müňlerçesini döretmäge mümkinçilik berdi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz “CNPC” bilen hyzmatdaşlygyň şanly 20 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahaty geçirmegi teklip etdi.

Sebit gün tertibiniň meseleleri babatda türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň strategik ähmiýetine ünsi çekdi. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň möhüm bölegi bolan bu taslama sebitiň logistika ulgamynyň üstüni ýetirip, Merkezi Aziýa sebitini Ýewraziýa kommunikasiýalarynyň wajyp merkezine öwürýär.

Saparyň dowamynda HHR-iň Başlygy Si Szinpine Gadyrly atly ajaýyp ahalteke bedewiniň sowgat berilmegi ähmiýetli waka boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan berlen bu sowgat hakyky dostlugyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. HHR-iň Başlygy sowgady hoşallyk bilen kabul edip, 12 ýyl mundan ozal oňa Gahryman atly bedewiň hem sowgat berlendigini ýatlady. Si Szinpin “At — myrat”, “At agynan ýerde toý bolar” ýaly türkmen nakyllaryny mysal getirip, Hytaýda ahalteke bedewlerine uly sarpa goýulýandygyny nygtady.

Senemgül ALLAKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

afa nowruz 2026 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Aşgabatda «CAFA NOWRUZ – 2026» çagalar futbol festiwaly geçirildi

uganda THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Uganda Respublikasynyň Daşary işler boýunça döwlet ministri bilen duşuşyk geçirildi

Soňkylar Makalalar

Şöhratly taryhyň ýaňy

06.08.2026
Dogrudan hem, bu günki gün «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen beýik şygar bilen türkmen halkyny aýdyň geljege sary

Biz – buýsançly döwrüň bagtyýar bilim işgärleri!

04.08.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek, şol sanda mekdebe çenli bilim-terbiýeçilik işlerini kämilleşdirmek ugrunda döredilýän giň mümkinçilikler, açylyp ulanylmaga berilýän

Garaşsyzlyk – halkyň buýsanjy we bagty

04.08.2026
Garaşsyzlyk her bir halkyň iň gymmatly baýlygy, döwletliligiň we milli erkinligiň esasy nyşanydyr. Ol halkyň öz ykbalyny özbaşdak kesgitlemäge, syýasy, ykdysady we medeni ösüş
GitTop