Dark
Light
16.06.2026
energiya THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistan we Azerbaýjan «ýaşyl» energetika ulgamynda hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýärler

26.03.2026

Türkmenistan we Azerbaýjan «ýaşyl» energetika ulgamyny ösdürmäge we bu ugurda hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýärler. Bu barada Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçisi Gurbanmämmet Elýasow «Report» neşirine beren interwýusynda aýtdy.

Ilçiniň aýtmagyna görä, iki ýurt hem täzelenýän energiýa çeşmeleriniň ulanylyşyny giňeltmegiň mümkinçiliklerini öwrenýärler. Şeýle hem Türkmenistanyň Hazar deňzi arkaly «ýaşyl» energetika geçelgelerini döretmäge gatnaşmagy maslahatlaşýarlar.

Habarda bellenilişi ýaly, bu ýerde täzelenýän çeşmelerden öndürilen elektrik energiýasyny Günorta Kawkaz arkaly Ýewropa ýurtlaryna geçirmek üçin infrastruktura döretmek meýilleşdirilýär. Bu nukdaýnazardan, Azerbaýjan «ýaşyl» energiýanyň eksporty üçin tranzit halka hökmünde garalýar.

Gurbanmämmet Elýasow gün we ýel energetikasy boýunça taslamalaryň ösdürilmeginiň geljegi uly ugurlaryň biri bolup biljekdigini belledi. «Türkmenistanyň gün energiýasyny öndürmek üçin uly mümkinçilikleri bar, Azerbaýjan bolsa, şol bir wagtyň özünde, Hazar deňzindäki ýel energiýasyny ösdürmek taslamalaryny durmuşa geçirýär» diýip, türkmen ilçisi belledi.

«Şeýle hem «ýaşyl» elektrik energiýasyny geçirmek we eksport etmek üçin bilelikdäki infrastrukturany ösdürmek möhüm ugur bolup biler. Munuň çäginde Hazar deňziniň üstünden suwasty kabel liniýalarynyň gurulmagy, energetika ulgamlarynyň utgaşdyrylmagy we elektrik energiýasyny Ýewropa ugry boýunça eksport etmek boýunça sebit taslamalaryna gatnaşmak göz öňünde tutulyp bilner» diýip, Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçisi aýtdy.

Şeýle-de Gurbanmämmet Elýasow hyzmatdaşlygyň goşmaça mümkinçilikleriniň «ýaşyl» wodorody öndürmek we daşamak, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, şeýle-de täzelenýän energetikany ösdürmek boýunça tejribe alyşmak we maýa goýumlary çekmek ýaly ugurlarda açylýandygyny nygtady.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

altyn asyr THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

«Altyn asyr» ÝGPJ 5G, 4G+ kabul ediji-geçiriji stansiýalaryny satyn alar

atadurdy bayramow THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmen diplomaty Ýaponiýanyň daşary işler boýunça döwlet ministri bilen duşuşdy

Soňkylar Habar

Harby uçurymlar wepalylyk kasamyny kabul etdiler

15.06.2026
13-nji iýunda Türkmenistanyň Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdançada Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýokary serkerdeler düzümini we işgärleri taýýarlaýan Türkmenistanyň Harby akademiýasynyň, ýurdumyzyň harby

Aşgabatda dynç günlerinde nirä gidip bolar

12.06.2026
Paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna dynç günlerinde dürli-dürli medeni çäreler garaşýar. Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry: 13.06.2026: «Sen söýseň meni» 19:00;
GitTop