Dark
Light
16.06.2026
1772543185261 THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistan we Gresiýa ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegini ara alyp maslahatlaşdylar

04.03.2026

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow Ýewropa Bileleşiginiň ýanyndaky Gresiýa Respublikasynyň Hemişelik wekili Ioannis Wrailas bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda türkmen-grek gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçihanasy duşenbe güni habar berdi.

Taraplar söwda dolanyşygynyň oňyn depginini we syýasy derejede alnyp barylýan yzygiderli özgerişleri belläp, soňky döwürde ikitaraplaýyn dialogyň has durnukly hem-de mazmunly häsiýete eýe bolýandygyny nygtadylar.

Duşuşykda «Ýewropa Bileleşigi – Türkmenistan» formatyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Duşuşyga gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginiň, şertnama-hukuk binýadynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynyň, şeýle hem Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli institusionallaşdyrylmagynyň möhümdigini bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda hyzmatdaşlygyň ugurlaryny giňeltmäge we hyzmatdaşlygy iki tarapyň bähbitlerine laýyk gelýän has ýokary hilli derejä çykarmaga özara gyzyklanma tassyklanyldy.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

gurlusyk surat 25 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmen telekeçileri 2026-njy ýylda iri desgalaryň gurluşygyny meýilleşdirýärler

surat THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Nakgaşçylykda sähra gözelligi

Soňkylar Habar

Harby uçurymlar wepalylyk kasamyny kabul etdiler

15.06.2026
13-nji iýunda Türkmenistanyň Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdançada Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýokary serkerdeler düzümini we işgärleri taýýarlaýan Türkmenistanyň Harby akademiýasynyň, ýurdumyzyň harby

Aşgabatda dynç günlerinde nirä gidip bolar

12.06.2026
Paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna dynç günlerinde dürli-dürli medeni çäreler garaşýar. Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry: 13.06.2026: «Sen söýseň meni» 19:00;
GitTop