Dark
Light
17.06.2026
ozbek syn THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistan we Özbegistan bilelikdäki oba hojalyk taslamalaryny giňeltmegi maksat edinýärler

25.03.2026

Türkmenistan we Özbegistan oba hojalyk pudagynda bilelikdäki taslamalary giňeltmegi maksat edinýärler. Bu mesele duşenbe güni Daşkentde geçirilen “Italiýa – Merkezi Aziýa (C5) + Azerbaýjan” forumynyň çäklerinde Özbegistanyň oba hojalyk ministri Ibrohim Abdurahmonowyň Türkmenistanyň oba hojalyk ministriniň orunbasary Berkeli Berkeliýew bilen geçiren duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini, şol sanda tejribe alyşmagy we oba hojalygynda häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Özbegistanyň Oba hojalyk ministrligi habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda pagta tohumynyň önümçiligi meselelerine, şol sanda görnüşleriň sebitler boýunça paýlanyşyna we ýokary hasyl berýän ekinleriň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berildi. Şeýle hem taraplar pudagy sanlylaşdyrmak, innowasion çözgütleri ulanmak hem-de häzirki zaman agrotehnologiýalaryny peýdalanyp daýhanlary taýýarlamak meselelerine garadylar. Duşuşyga gatnaşyjylar daýhanlaryň başarnyklaryny ýokarlandyrmak üçin synag taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga we oba hojalygynyň eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge goşant goşup biljekdigini bellediler.

Türkmen wekiliýeti 23–24-nji mart aralygynda Daşkentde geçirilýän “Italiýa – Merkezi Aziýa (C5) + Azerbaýjan” atly halkara agrobiznes forumyna gatnaşmak üçin Özbegistana bardy.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

omous 26 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Aşgabatda halkara matematika olimpiadasy açyldy

23122023 gazna 960x511 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ynsanperwerligiň beýik nusgasy

Soňkylar Habar

GitTop