Dark
Light
12.08.2026
rawsanbek THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistan we Özbegistan ýangyç-energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

31.03.2026

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow Özbegistanyň Türkmenistandaky ilçisi Rawşanbek Alimow bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda ýangyç-energetika pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

“Dunyo” agentliginiň habar bermegine görä, taraplar energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň barha pugtalanyp, anyk başlangyçlar we amaly netijeler bilen baýlaşýandygyny nygtadylar.

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň ýolbaşçylarynyň soňky ýyllarda yzygiderli alyp barýan syýasaty netijesinde türkmen-özbek gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykandygy bellenildi.

Söhbetdeşler nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, şol sanda bilelikde alnyp barylýan işleri has-da işjeňleşdirmek meseleleri we özara gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmagyň mümkinçilikleri boýunça hem pikir alyşdylar.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

merkezi aziya yurtlarynyn lide 5487e79fa0ccd0b79e5d4a4c8ced005d sm THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Liderleri Astanada geçiriljek AHHG-nyň mejlisine gatnaşarlar

nyu deli THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Deli şäherinde geçirilen halkara maslahata gatnaşdy

Soňkylar Habar

12-nji awgust – Hazar deňziniň güni

12.08.2026
Her ýylyň 12-nji awgustynda Hazarýaka döwletlerinde Hazar deňziniň güni bellenilýär. Bu halkara sene Hazar deňziniň özboluşly ekoulgamyny gorap saklamak, onuň tebigy baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak
GitTop