2026-njy ýylyň 25-nji martynda Pariž şäherinde ýerleşýän ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew Bilimiň ösüşine gözegçilik boýunça Ählumumy hasabatyň (GEM Report 2026) tanyşdyrylyşyna bagyşlanan çärelere gatnaşdy hem-de birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Forumyň çäklerinde bilim edarasynyň ýolbaşçysy ýokary derejeli ministrler dialogynda çykyş edip, irki çagalyk biliminiň Türkmenistanda adam kapitalyny kemala getirmegiň we jemgyýetiň durnukly ösüşiniň strategiki esasy hökmünde çykyş edýändigini belledi. Şunda sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, çagalaryň döredijilik we aň-bilim ukyplarynyň ösdürilmegine, şeýle hem mugallymlaryň taýýarlygyny we hünär derejesini ýokarlandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär.
Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň bilim ministriniň ÝUNESKO-nyň Baş direktory Halid al-Anani bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň barşynda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek, UNITWIN maksatnamasyna gatnaşmak, halkara akademiki gatnaşyklary giňeltmek we bilim ulgamynyň institusional binýadyny berkitmek bilim ulgamyndaky döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Şol gün bilim boýunça ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň bilim meseleleri boýunça orunbasary Stefaniýa Jannini bilen hem duşuşyk geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde ÝUNESKO bilen gatnaşyklary has-da berkitmäge ygrarlydygy tassyklanyldy. Duşuşygyň dowamynda sanly bilim, ömürboýy okatmak we häzirki zaman tehnologiýalaryny jogapkärli peýdalanmak ugurlarynda hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mundan başga-da, Özbegistan Respublikasynyň mekdebe çenli we mekdep bilimi ministri Ezozhon Karimowa bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşykda mekdebe çenli we umumy orta bilimi ösdürmek, pedagogik kadrlar taýýarlamakda öňdebaryjy tejribeleri alyşmak we döwrebap bilim usulyýetlerini ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.
«THE ASHGABAT TIMES».