Düýn paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda köpugurly dialogy giňeltmegiň çäklerinde “Özara baglanyşygy ösdürmek, maýa goýumlary çekmek we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça täze gözýetimler” atly işewürlik maslahaty geçirildi. Ugurdaş ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylaryny, diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň, işewür toparlaryň wekillerini bir ýere jemlän bu duşuşyk giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny durmuşa geçirýän ýurdumyzyň ýokary halkara abraýynyň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy.
Degişli edaralaryň wekilleri, Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary öz çykyşlarynda hyzmatdaşlygyň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze gurallaryny döretmegiň möhümdigine ünsi çekdiler. Hususan-da, ählumumy söwda giňişligine goşulyşmagyň, milli ykdysadyýetleri halkara standartlara uýgunlaşdyrmagyň ähmiýeti bellenildi. Forumyň birinji mejlisi söwdany we maýa goýumlary ösdürmek üçin işewürlik gurşawyny kämilleşdirmek meselesine bagyşlandy.
Mejlise gatnaşyjylar söwda-ykdysady gatnaşyklary kämilleşdirmegiň, telekeçiligiň hukuk binýadyny pugtalandyrmagyň, ýurdumyzyň hususy pudagynyň eksport mümkinçiliklerini giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmagy bilen baglanyşykly mesele çykyşlarda aýratyn üns merkezinde boldy. Halkara guramalaryň bilermenleriniň çykyşlary-da täsirli boldy. Olar Merkezi Aziýa sebitiniň ösüşiniň ykdysady seljermesini beýan etdiler. Forumyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny giňeltmäge, maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Bu ylalaşyklar hyzmatdaşlygy anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga kuwwatly itergi berer.
Işewürlik forumy tamamlanandan soňra, metbugat maslahaty geçirilip, onuň dowamynda duşuşygyň netijeleri jemlenildi. Maslahaty guraýjylar we oňa gatnaşyjylar gazanylan ylalaşyklaryň iki sebitiň abadançylygyna hyzmat edip, durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça umumy tagallalara goşant boljakdygyna ynam bildirdiler. Şeýle hem maksatnamanyň çäklerinde ýurdumyzyň döwlet edaralarynyň, hususy pudagynyň wekilleri ýewropaly hyzmatdaşlar bilen duşuşyklary geçirdiler.
Göwher TAHYROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.