Dark
Light
11.04.2026
bag ekmek 25 THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanda 2026-njy ýylyň 21-nji martynda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler

14.03.2026

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 13-nji martda geçirilen mejlisinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek, şeýle hem Türkmenistanda 2026-njy ýylda bag ekmek hakynda Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda 2026-njy ýylyň 21-nji martynda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek bellenildi.

Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

oraza bayram THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Prezidenti iş kesilenleriň günäsini geçmek hakynda Permana gol çekdi

turkmen eyran THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistan Eýran Yslam Respublikasyna ynsanperwerlik ýüküni iberer

Soňkylar Habar

GitTop