2026-njy ýylyň 21-nji martynda ýazky ählihalk bag ekmek dabarasy ýaýbaňlandyrylyp, Aşgabat hem-de Arkadag şäherleri bilen birlikde, ýurdumyzyň welaýatlarynda hem uly ruhubelentlikde geçirildi.
Bag ekmek dabarasyna özboluşly öwüşgin çaýan aýdym-sazly çykyşlar, oba hojalyk toplumyna bagyşlanan sergiler, sungat ussatlarynyň milli däp-dessurlarymyzy, edim-gylymlarymyzy şöhlelendirýän folklor çykyşlary watandaşlarymyzda egsilmez buýsanç duýgularyny döretdi.
Maglumat hökmünde belläp geçsek, şu gezekki ählihalk bag ekmek dabarasynyň barşynda tutuş ýurdumyz boýunça agaç nahallarynyň 611 müň 962 düýbi ekildi. Şeýle hem seýilgähleri, tokaý zolaklaryny arassalamak, abadanlaşdyrmak işleri bilen birlikde, jemi 2 million 24 müň 240 düýp baga ideg etmek işleri geçirildi.
«THE ASHGABAT TIMES».