Dark
Light
17.06.2026
dessan fewtiwal THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanda dessançy bagşylaryň festiwaly geçirilýär

27.03.2026

2026-njy ýylyň 26-njy martynda Da­şo­gu­zyň Nur­mu­ham­met An­da­lyp adyn­da­ky döw­let saz­ly dra­ma teat­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň des­san­çy bag­şy­la­ry­nyň «Dün­ýä­de ýaň­lan­ýar ajap des­sa­nym, toý tut­ýar Ga­raş­syz Türk­me­nis­ta­nym» at­ly fes­ti­wa­ly­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di. Oňa äh­li se­bit­le­riden me­de­ni­ýet ul­ga­my­nyň, ÝU­NES­KO-nyň iş­le­ri ba­ra­da Türk­me­nis­ta­nyň mil­li to­pa­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry we iş­gär­le­ri, des­san­çy bag­şy­lar, sun­ga­ty öw­re­ni­ji­ler, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.

Gü­nüň ikin­ji ýa­ry­myn­da Şa­bat et­ra­by­nyň Di­le­war ge­ňeş­li­gi­niň Al­tyn ýol oba me­de­ni­ýet öýün­de «Des­san­çy bag­şy­lar jo­şa ge­len­de» at­ly yl­my-ama­ly mas­la­hat ge­çi­ril­di. On­da bag­şy­çy­lyk we des­san­çy­lyk sun­ga­ty­nyň ösü­şi, hä­zir­ki za­man usul­lar bi­len baý­laş­dy­ry­ly­şy ba­ra­da­ky çy­kyş­lar diň­le­nil­di. 

Fes­ti­wa­lyň bi­rin­ji gü­nü­niň çäk­le­rin­de oňa gat­na­şy­jy­lar Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň Ta­ry­hy we ül­kä­ni öw­re­niş mu­ze­ýi­ne ba­ryp gör­dü­ler. Ýur­du­my­zyň de­mir­ga­zyk se­bi­ti­niň baý ta­ry­hy­na, mad­dy we me­de­ni mi­ra­sy­nyň aý­ra­tyn­lyk­la­ry­na de­giş­li gym­mat­lyk­lar gat­na­şy­jy­lar­da uly gy­zyk­lan­ma dö­ret­di. Ag­şam fes­ti­wa­la gat­na­şy­jy­lar Nur­mu­ham­met An­da­lyp adyn­da­ky döw­let saz­ly dra­ma teat­ry­nyň dö­re­di­ji­lik to­pa­ry ta­ra­pyn­dan sah­na­laş­dy­ry­lan «Go­ly saz­ly, ti­li söz­li Gö­rog­ly» at­ly sah­na oý­nu­na to­ma­şa et­di­ler.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

yb forum THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi: hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri

zahmet gurama THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistan we Halkara Zähmet Guramasy bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegi maslahatlaşdylar

Soňkylar Habar

GitTop