Dark
Light
16.06.2026
social initiatives main THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanda gender deňligini we sagdyn durmuş ýörelgesini ilerletmek boýunça giň gerimli maglumat kampaniýasy tamamlandy

10.03.2026

AŞGABAT, Türkmenistan — 2026-njy ýylyň 10-njy ýanwar – 8-nji mart aralygynda Aşgabat şäherinde we ýurduň ähli welaýatlarynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge, maşgala gymmatlyklaryny, erkekleriň we aýallaryň deň mümkinçiliklerini hem-de aýal-gyzlara bolan hormatly garaýşy ilerletmäge gönükdirilen çäreler tapgyry geçirildi. Bu başlangyç BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty hem-de Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde amala aşyryldy.

social initiatives body 4 THE ASHGABAT TIMES

Çäreler sport mekdeplerinde hem-de «Ýenme», «Keýik okara», «Maşgala», «Dap-dessur», «Ynamly durmuş» we «Zenanlaryň ykdysady jemgyýeti» ýaly jemgyýetçilik guramalarynyň gatnaşmagynda guraldy. Çärelere erkekler we ýetginjek oglanlar, gyzlar, şeýle hem maýyplygy bolan adamlar işjeň gatnaşdy.

Kampaniýanyň çäklerinde jübütleriň arasyndaky oňyn aragatnaşyk, öý işlerini deň paýlaşmak we dawa-jenjelleri çözmek ukyplaryny ösdürmek boýunça okuw maslahatlary geçirildi. Şeýle hem gatnaşyjylar üçin «Breýn-ring» intellektual oýunlary, ýaş kakalar bilen söhbetdeşlikler, öz-özüňi goramak boýunça sapaklar we sport ýaryşlary gurnaldy.

social initiatives body 3 THE ASHGABAT TIMES

8-nji martda bellenilýän Halkara zenanlar gününe bagyşlap, Tejen, Balkanabat, Daşoguz we Türkmenabat şäherleriniň sport mekdeplerinde iki günlük okuw maslahatlary geçirildi. Çäreleriň dowamynda maşgalada gender deňligi meseleleri boýunça okuw sessiýalary, psihologlar bilen duşuşyklar, gender rollarynyň çalşylmagy baradaky tematiki söhbetdeşlik we gatnaşyjylaryň arasynda özara goldawy hem-de toparlaýyn agzybirligi berkitmäge gönükdirilen sport oýunlary geçirildi.

Sosial torlardaky maglumat kampaniýasy bu çäreleriň üstüni dolduryp, çagalary terbiýelemäge we maşgala durmuşyna işjeň gatnaşýan döwrebap erkegiň keşbini öňe sürdi. UNFPA-nyň bu başlangyjy gender deňligi babatda alnyp barylýan milli ileri tutulýan ugurlaryň durmuşa geçirilmegine ýardam bermek bilen, jemgyýetiň ähli agzalarynyň abadançylygy üçin oňaýly gurşawyň we şertleriň döredilmegine goşant goşýar.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

vw logo THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Volkswagen agyr maliýe krizisine duçar boldy

sei 92772599 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Britaniýada ýangyç bahalary rekord derejede ýokarlandy

Soňkylar Habar

Harby uçurymlar wepalylyk kasamyny kabul etdiler

15.06.2026
13-nji iýunda Türkmenistanyň Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdançada Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýokary serkerdeler düzümini we işgärleri taýýarlaýan Türkmenistanyň Harby akademiýasynyň, ýurdumyzyň harby

Aşgabatda dynç günlerinde nirä gidip bolar

12.06.2026
Paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna dynç günlerinde dürli-dürli medeni çäreler garaşýar. Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry: 13.06.2026: «Sen söýseň meni» 19:00;
GitTop