2026-njy ýylyň 21-nji martynda Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni uly ruhubelentlik bilen garşylandy. Bu baýramçylyk mynasybetli esasy dabaralar, däp bolşy ýaly, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky “Nowruz ýaýlasynda” ýaýbaňlandyryldy.
“Nowruz ýaýlasynyň” esasy girelgesinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna bagyşlanan aýdym-sazly we tansly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy.

Baýramçylyk dabaralaryna Hökümet agzalary, Mejlisiň, dürli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanda işleýän daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Watanymyzyň ähli künjeklerinden bu ýere türkmenistanlylaryň köp sanlysy geldi.
“Nowruz ýaýlasyndaky” dabaralar diňe bir dynç almak üçin däl, eýsem, milli mirasymyzyň gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşmak üçin giň şertleri özünde jemleýän baýramçylykdyr.
«THE ASHGABAT TIMES».