Dark
Light
12.06.2026
at 26 THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanda ýazky at çapyşyklaryna badalga berildi

24.03.2026

2026-nji ýylyň 22-nji martynda Aşgabat atçylyk sport toplumynda ýazky at çapyşyk möwsümine badalga berildi.

2026-njy ýylyň ýazky at çapyşyk möwsüminiň ilkinji çapyşygynda janköýerler gyzykly çapyşyklaryň 10-syna tomaşa etdiler. Çapyşyklar 1200 metrden 1800 metre çenli dürli aralykda geçirildi. Birinji çapyşykda 1200 metr aralyga geçirilen ýaryşda pellehana ilkinji bolup Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Bellidag diýen gyr at geldi. Ol bellenilen aralygy 1 minut 21 sekuntda geçmegi başardy. Tomaşaçylar ýaryşyň ikinji çapyşygynda-da Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Gülzar atly bedewiň ýeňşine şaýat boldular.

Umuman, ýaryşlarda ýeňiş gazanan atlaryň üstünligi toýa gelen dilleri senaly, hormatly ýaşulularyň ýagşy dilegleri bilen dabaraly ýagdaýda mübäreklendi. Olara sylag-serpaýlar ýapyldy.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

gazna sowgat 26 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Çagalara baýramçylyk sowgady gowşuryldy

nowruz guni THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Baharyň buşlukçysy, köňülleriň joşguny

Soňkylar Habar

GitTop