Dark
Light
17.06.2026
dermanlyk otlar THE ASHGABAT TIMES

«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» kitaby biologiýa sapaklarynda

10.03.2026

Gahryman Arkadagymyzyň köp jiltli «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik eseri diňe bir lukmançylyk däl, eýsem, bilim ulgamy, aýratyn-da, biologiýa sapaklary üçin bahasyna ýetip boljak gymmatly gollanmadyr. Bu gymmatly çeşmeler orta mekdepleriň biologiýa dersinde okadylýan «Ösümlikleriň dünýäsi», «Anatomiýa» we «Umumy biologiýa» ýaly bölümleri has gyzykly we durmuş bilen baglanyşykly öwrenmäge giň mümkinçilikler açýar.

Biologiýa sapaklarynda ösümlikleriň gurluşy, klasifikasiýasy we olaryň ekologik aýratynlyklary öwrenilende, hormatly Arkadagymyzyň eserlerine salgylanmak okuwçylaryň temany çuňňur özleşdirmegine ýardam edýär. Meselem, dermanlyk ösümlikleriň köki, porrugy, gülüniň gurluşy barada nazary maglumat berleninde, kitapdaky takyk suratlar we ylmy düşündirişler arkaly şol ösümligiň tebigatdaky görnüşi göz öňüne getirilýär. Bu bolsa okuwçylarda diňe bir botaniki bilimleri däl, eýsem, öz topragymyzyň baýlyklaryna bolan buýsanjy hem kemala getirýär.

Mugallymlar bu eserleri sapagyň dowamynda dürli ugurlar boýunça ulanyp bilerler. Okuwçylara belli bir dermanlyk ösümlik, meselem ýüzärlik ýa-da buýan barada kitapdan maglumat toplamak we onuň himiki düzümi barada gysgaça çykyş taýýarlamak tabşyrylanda, bu iş gözleg we seljerme endiklerini ösdürýär. Laboratoriýa işlerinde bolsa ösümliklerden dermanlyk çaýlary we demlemeleri taýýarlamagyň usullary öwrenilende, kitapdaky takyk reseptlerden peýdalanylmagy okuwçylaryň sagdyn durmuş ýörelgesine bolan gyzyklanmasyny artdyrýar. Şeýle-de kitaplarda ösümlikleriň ýaýran ýerleri we olary gorap saklamagyň ähmiýeti baradaky maglumatlar «Gyzyl kitaba» girizilen görnüşleri tanamaga we ekologik terbiýäni berkitmäge kömek edýär.

Milli Liderimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda her bir ösümligiň diňe bir biologik häsiýetnamasy däl, eýsem, olaryň halk lukmançylygyndaky orny we häzirki zaman farmasewtikasyndaky ähmiýeti hem jikme-jik beýan edilýär. Bu bolsa biologiýa dersiniň himiýa we medisina bilen dersara baglanyşygyny üpjün edýär. Okuwçylar tebigatdaky her bir otuň, her bir gülüň ynsan saglygy üçin haýyrlydygyny, olaryň düzümindäki witaminleri we dermanlyk maddalary ylmy esasda öwrenýärler.

Jemläp aýdanyňda, Gahryman Arkadagymyzyň bu ajaýyp kitaplary biologiýa sapaklarynyň mazmunyny baýlaşdyrýar, okuwçylaryň ylmy dünýägaraýşyny giňeltýär we olara ene tebigatymyzy söýmegi hem-de goramagy öwredýär. Mekdep maksatnamasynda bu eserleriň yzygiderli ulanylmagy ýaş nesliň sagdyn, bilimli we öz Watanynyň baýlyklaryna sarpa goýýan şahsyýetler bolup ýetişmeginde esasy gural bolup hyzmat edýär.

Sona AŞYROWA,
Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň 17-nji orta mekdebiniň biologiýa mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

1773085043964 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Eýranda ýurduň Beýik lideri saýlanyldy

yenijiler THE ASHGABAT TIMES
Next Story

«Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly III halkara bäsleşigi yglan edildi

Soňkylar Makalalar

Çagalar baglarynda aýdym-saz terbiýesi

16.06.2026
Watana, il-güne bolan beýik söýgi maşgala terbiýesinden, has takygy, çaga edebinden, şeýle hem  oňa berilýän bilim-sowatdan başlanýar. Ýaş nesilleriň kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin

Bedew bady bilen täze sepgitlere!

15.06.2026
Taryhy ýyllary biri-birinden zyýada gelýän ata Watanymyzda her ýyly mynasyp atlandyrmak däbi barha dabaralanýar. Her ýylda öz şygaryna mynasyp işleri taryha ýazýan ajaýyp ýyllar
GitTop