Dark
Light
08.05.2026
swkr6p7ud3tskqdq8mweyoehm6r9ki 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň DIM-de Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşyk

05.03.2026

2026-njy ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň köpçülikleýin diplomatiýa boýunça orunbasary Lim Sang-Wu bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda diplomatlar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-koreý gatnaşyklarynyň ösüşiniň ýokary derejesini bellediler.

Taraplar halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Hususan-da, Ýakyn Gündogardaky ýagdaýa deglip geçildi we sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üpjün etmek maksady bilen tagallalary birleşdirmegiň ähmiýeti nygtaldy.

Söhbetdeşler ýokary we iň ýokary derejelerde meýilleşdirilýän saparlara we çärelere taýýarlyk meselelerine aýratyn üns berdiler. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn gün tertibiniň ähli meselelerini ulgamlaýyn ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli gural hökmünde garalýan türkmen-koreý syýasy we konsullyk geňeşmelerini geçirmegiň ähmiýeti bellenildi.

Lim Sang-Wu pursatdan peýdalanyp, Eýrandan gelýän Koreýa Respublikasynyň raýatlary üçin üstaşyr geçişi üpjün etmekde beren ýardamy üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki ýurduň arasyndaky köptaraplaýyn gepleşikleri mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

gyz edebi el is THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Hem mähriban, gahryman zenanlar

qxi5joe1xky9ctgiq7xzzhbph7chae 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa üçin sebitleýin wekili bilen duşuşyk geçirildi

Soňkylar Habar

GitTop