Dark
Light
13.04.2026
alpinist THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň Döwlet baýdagy we «Arkadag» futbol klubunyň nyşany Türkiýäniň iň beýik belentligine galdyryldy

09.03.2026

2026-njy ýylyň 1-6-njy marty aralygynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň ýardam bermeginde «Arkadag» futbol klubunyň janköýerler toparynyň agzalary Türkiýäniň iň beýik nokady bolan Agry dagyna çykdylar.

Bu başlangyç 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» şygar bilen yglan edilmegi, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli guraldy. Çäre sport diplomatiýasyny ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge, şeýle hem watançylyk we milli gymmatlyklaryny berkitmäge gönükdirildi.

Alpinist ýörüşine türkmenistanly talyp, tejribeli alpinist ýolbaşçylyk etdi. Agry dagynyň depesine, 5137 metr beýiklige ýetilenden soň, Türkmenistanyň Döwlet baýdagy, «Arkadag» futbol klubunyň nyşany hem-de 2026-njy ýylyň nyşany dabaraly ýagdaýda açyldy. Bu sport çäresi milli gymmatlyklara, sport üstünliklerine hormatyň nyşany bolup, halklaryň arasynda parahatçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlylygyň beýany boldy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň goldawy bilen, Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplarynyň we sport janköýerleriniň başlangyjy boýunça Ankara we Antalýa şäherlerinde «Arkadag» futbol klubunyň janköýerler klublarynyň döredilendigini bellemeli.

Bu ädim «Arkadag» futbol klubuna bolan halkara gyzyklanmanyň yzygiderli artýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup, türkmen ýaşlarynyň Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky medeni we sport ulgamyndaky gatnaşyklarynyň ösdürilmegine işjeň gatnaşýandygyny tassyklaýar.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

azer THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi

ma yas THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary we döwlet gullukçylary üçin sebitleýin okuw maslahaty açyldy

Soňkylar Habar

Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty geçirildi

13.04.2026
2026-njy ýylyň 11-nji aprelinde Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň on ikinji maslahaty geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş
GitTop