9-njy martnda Lissabon şäherindäki Respublika Assambleýasynyň binasynda Portugaliýa Respublikasynyň täze saýlanan Prezidenti Antoniu Žoze Seguronyň wezipesine girişmegi mynasybetli dabaralar geçirildi.
Dabaraly çärelere Türkmenistanyň Portugaliýa Respublikasyndaky (oturýan ýeri Pariž ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi M.Çaryýew gatnaşdy.
Wezipä girişmek mynasybetli dabara Portugaliýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň, hökümet agzalarynyň, parlament deputatlarynyň, şeýle hem ýokary derejeli daşary ýurt wekiliýetleriniň gatnaşmagynda Respublika Assambleýasynyň mejlisler zalynda geçirildi.
Şol günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Ilçisi Ažuda Milli köşgünde geçirilen resmi kabul edişlige gatnaşdy we onuň dowamynda täze döwlet Baştutany hem-de Portugaliýanyň Daşary işler ministri bilen duşuşmak mümkinçiligine eýe boldy.
Gysga söhbetdeşligiň dowamynda Ilçi M.Çaryýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Antoniu Žoze Segurony prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşi bilen gutlap, ýokary döwlet wezipesine girişmegi mynasybetli iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Öz gezeginde Portugaliýanyň Prezidenti bildirilen goldaw sözlerini hoşallyk bilen kabul edip, geljekde Türkmenistana sapary amala aşyrmaga gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.
Türkmenistanyň Ilçisi Portugaliýanyň Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabaralara gatnaşdy
Soňkylar Habar
Türkmen ýokary okuw mekdebinde emeli aňa esaslanan «Elektron uniwersitet» innowasion platformasy işe girizildi
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde bu ýokary okuw mekdebiň hünärmenleri we talyplary tarapyndan bilelikde işlenilip düzülen emeli aňa daýanýan «Elektron uniwersitet» atly innowasion
Türkmenistanyň wekiliýeti Jenaýatçylygyň öňüni almak we adyl kazyýetlilik boýunça BMG-niň 15-nji kongresine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 26-njy sentýabryndan 1-nji oktýabryna çenli Abu-Dabide Jenaýatçylygyň öňüni almak we adyl kazyýetlilik boýunça BMG-niň 15-nji kongresi geçirildi. Bäş ýylda bir gezek geçirilýän
Aşgabatda Germaniýanyň Bitewüliginiň güni mynasybetli çäre geçirildi
2026-njy ýylyň 3-nji oktýabrynda Aşgabat şäherindäki «Ýyldyz» myhmanhanasynda Germaniýanyň Bitewüliginiň güni mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow, Germaniýanyň
Türkmenistanyň Mejlisinde Litwa Respublikasynyň Seýminiň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň Mejlisinde 1-nji oktýabrda Litwa Respublikasynyň Seýminiň Litwa-Türkmen Parlamentara dostluk toparynyň başlygy Dainius Warnasyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk bolup geçdi. Söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň
UNFPA Türkmenistanyň Maýa goýum forumynda maýa goýumlar we ykdysady diwersifikasiýa üçin demografik sowatlylyk konsepsiýasy boýunça çykyş etdi
AŞGABAT, Türkmenistan, 2026-njy ýylyň 2-nji oktýabry — Oktýabr aýynyň 1–2-ne Aşgabatda hökümet edaralarynyň we halkara maliýe guramalarynyň wekilleriniň hem-de halkara işewürleriň we bilermenleriň gatnaşmagynda