Dark
Light
14.03.2026
irena THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň IRENA-nyň ýanyndaky Hemişelik wekili ynanç hatyny gowşurdy

01.03.2026

2026-njy ýylyň 24-nji fewralynda Abu-Dabi şäherinde Türkmenistanyň BAE-ndäki Ilçisi B.Baýramowyň Halkara gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça agentliginiň (IRENA) Baş direktory Françesko La Kamera ynanç hatyny gowşurmak dabarasy boldy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar strategik hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny, aýratyn-da «ýaşyl» wodorod öndürmek we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň döwrebap tehnologiýalaryny ornaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

IRENA-nyň ýolbaşçysy Türkmenistan bilen köptaraplaýyn gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga taýýardygyny tassyklady. Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek we ekologiýa durnuklylygyny üpjün etmek ugrunda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge ygrarlydyklaryny bildirdiler.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

yaslar sanly ulgam 25 new THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bilim – güýç, beýiklik – netije

1772327607172 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň emeli hemrasy 1,2 milliarddan gowrak ulanyjy üçin aragatnaşygy üpjün edýär

Soňkylar Habar

GitTop