Dark
Light
09.08.2026
adalat kazy THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň kazylarynyň VIII maslahaty geçirildi

30.03.2026

2026-njy ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň, Arbitraž kazyýetiniň wekilleriniň, welaýat, etrap we şäher kazyýetleriniň kazylarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň kazylarynyň VIII maslahaty geçirildi. Onuň gün tertibine degişli düzümleriň öňünde durýan möhüm wezipeler girizildi.

Maslahatyň dowamynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň iň göreldeli kazyýeti” atly bäsleşigiň jemleri yglan edildi. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň kazyýetleriniň arasynda “Iň göreldeli kazyýet” we birinji basgançakly kazyýetleriň kazylarynyň arasynda “Iň göreldeli kazy” atly bäsleşikleri yglan etmek meselesine seredildi. Maslahatyň gün tertibine kazyýet ulgamyny we kazyýet önümçiligini kämilleşdirmegiň esasy ugurlaryna degişli meseleler hem girizildi. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwrüň talaplaryny göz öňünde tutmak bilen, degişli hukuk resminamalaryna üýtgetmelerdir goşmaçalary girizmegiň ähmiýeti nygtaldy. 

2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasyny ýerine ýetirmek bilen bagly wezipeler, Kazylaryň etikasynyň kodeksiniň täze beýany ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda boldy. Maslahatyň jemleri boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

bmg2 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

BMG-niň käbir düzümleriniň Türkmenistandaky wekilleri «Arkadag» medaly bilen sylaglanyldy

emeli an surat THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Emeli aň: hakyky dostmy ýa-da ýaranjaň?

Soňkylar Habar

Türkmen karateçileri Aktauda 21 medal gazandylar

08.08.2026
1 — 5-nji awgust aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde karate-do boýunça Merkezi Aziýanyň çempionaty geçirildi. 420-den gowrak türgeniň gatnaşan iri ýaryşynda Türkmenistanyň milli we
GitTop