Dark
Light
13.04.2026
azer THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi

09.03.2026

2026-njy ýylyň 7-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramowyň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi. Gepleşigiň dowamynda taraplar Ýakyn we Orta Gündogar sebitindäki häzirki ýagdaýy ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Ähli çylşyrymly halkara meseleleriniň diňe parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler we usullar arkaly, halkara hukuk esasynda çözülmelidigi aýratyn bellenildi.

Şeýle hem Azerbaýjanyň çägine amala aşyrylan soňky howa hüjümleri bilen baglylykda, döwletleriň özygtyýarlylygyny hormatlamak ýaly BMG-niň Tertipnamasynyň esasy ýörelgesiniň bozulmagyna ýol berilmezligi nygtaldy.

Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary sebitdäki ýagdaý bilen bagly käbir ynsanperwer meseleler boýunça hem pikir alyşdylar.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

sanawac THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Çagalaryň dil baýlygyny we zehinini ösdürýän halk döredijiligi

alpinist THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Döwlet baýdagy we «Arkadag» futbol klubunyň nyşany Türkiýäniň iň beýik belentligine galdyryldy

Soňkylar Habar

Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty geçirildi

13.04.2026
2026-njy ýylyň 11-nji aprelinde Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň on ikinji maslahaty geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş
GitTop