Dark
Light
09.08.2026
2 scaled THE ASHGABAT TIMES

UNFPA-nyň Sebitleýin direktory Türkmenistanda saparda boldy

29.03.2026

AŞGABAT, Türkmenistan, 27-nji mart, 2026-njy ýyl – Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin direktory hanym Florens Bauer 2026-njy ýylyň 25-27-nji marty aralygynda Türkmenistanda iş saparynda boldy. Bu sapar gender deňligini ilerletmek we gender zorlugyna garşy göreşmekde kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmaga gönükdirilen Parlamentara dialogynyň çäklerinde guraldy.

4 THE ASHGABAT TIMES

Saparyň dowamynda hanym Bauer Parlamentara dialogynyň açylyş dabarasynda çykyş edip, halkara adam hukuklary şertnamalaryny aýal-gyzlary zorlugyň ähli görnüşlerinden goraýan anyk milli kanunçylyk gurallaryna geçirmekde parlamentarileriň möhüm ornuny belledi. Ol diňe bir halkara resminamalaryny tassyklamak bilen çäklenmän, eýsem işjeň parlament gözegçiligini we hasabatlylygy ýola goýmagyň her bir aýalyň we ýaş adamyň hukuklarynyň hem-de saglygynyň üpjün edilmegi üçin zerurdygyny nygtady.

“Gender deňligini öňe sürmek diňe bir durmuş borjy we adam hukuklaryna ygrarlylyk däl-de, eýsem hemmeler üçin elýeterli, durnukly we agzybir jemgyýeti gurmagyň esasy şertidir” diýip, hanym Florens Bauer açylyş dabarasynda aýtdy.

Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň saglygy goraýyş, ylym, bilim, sport, ýaşlar we durmuş meseleleri boýunça orunbasary jenap Batyr Mammedow bilen, şeýle-de Daşary işler ministriniň orunbasary hanym Mähri Bäşimowa bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyklarda UNFPA-nyň 2026-2030-njy ýyllar üçin Ýurt boýunça maksatnamasyny durmuşa geçirmek, ilatyň abadançylygy ugrunda strategik hyzmatdaşlygy dowam etdirmek arkaly milli ileri tutulýan ugurlary amala aşyrmak barada maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da, hanym Bauer Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň ginekologiýa bölümine baryp gördi. Ol ýerde parlament agzalary bilen bilelikde jynsy zorluga sezewar bolan aýal-gyzlara kömek bermek üçin täze açylan merkezde saglygy goraýyş işgärleri bilen gürrüňdeş boldy. Şeýle merkezler welaýatlarda bellenen ýerlerde hem döredilýär.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

caga islenen THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Mekdebe çenli döwürde

messi 900 goals THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Lionel Messi 900 karýera golyna ýetdi

Soňkylar Habar

Türkmen karateçileri Aktauda 21 medal gazandylar

08.08.2026
1 — 5-nji awgust aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde karate-do boýunça Merkezi Aziýanyň çempionaty geçirildi. 420-den gowrak türgeniň gatnaşan iri ýaryşynda Türkmenistanyň milli we
GitTop