Dark
Light
15.09.2026
caga islenen THE ASHGABAT TIMES

Usuly burç – terbiýeçiniň baýlygy

16.03.2026

Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň topar otaglarynda «Terbiýeçiniň usuly burçunyň» hem uly ähmiýeti bardyr. Bu burç bilim işgäriniň sapagy nähili derejede mazmunly guraýandygyndan we toplan tejribesinden habar berýär. Sapaklarda usuly gollanmalaryň, görkezme serişdeleriň we esbaplaryň işjeň peýdalanylmagy geçilýän sapaklaryň hilini ýokaralandyrýar, öwrenilýän temanyň ýatda galyjylygyny berkidýär, çagalarda sapaga bolan gyzyklanmalary döredýär.

Usuly burçda, esasan hem, terbiýeçiniň öz elleri bilen ýasan we çagalyk dünýäsine mahsus esbaplaryň ýerleşdirilmegi maksadalaýyk hasaplanylýar. Mundan başga-da, bu ýerde sowatlylygy ösdürmek, daş-töwerek we tebigat bilen tanyşmak, ýönekeý matematiki düşünjeler we beýleki ugurlar boýunça gollanmalaryň we dürli görnüşdäki serişdeleriň toplumy öz ornuny tapýar.

Terbiýeçiler öz usuly burçuny hemişe baýlaşdyrmagyň, täzelikler we täze işlenilip-düzülen ähmiýetli tasalamalar bilen üstini ýetirmegiň ugrunda bolýarlar. Bu bilim-terbiýeçilik işgäriniň hünär taýdan kämilleşmegine itergi berýär. Biz hem öz usuly burçumyzda hem-de otagymyzyň beýleki bezeg serişdelerinde mähriban körpelerimiziň zehinlerini açmaga, bilimlerini ösdürmäge, aň we fiziki taýdan ösüşini talabalaýyk alyp barmaga, hususan-da, mekdebe taýýarlamaga gönükdirilen esbaplardan, enjamlardan we usuly serişdelerden işjeň peýdalanýarys.

Geçilýän sapaklaryň oýun görnüşinde gyzykly pursatlara beslenmegini gazanyp, ýaş nesillerde okuwa, döredijilge we sungata, zähmete we bedenterbiýä bolan höwesleri döredýäris. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim-terbiýeçilik edaralalarynyň, şol sanda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň hem işini kämilleşdirmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza we beýik işleri bilen görelde bolýan Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyşlarymyzy aýdýarys.

Ýazgül NEPESOWA,
Baýramaly şäheriniň 12-nji çagalar bakja-bagynyň kiçi bag toparynyň terbiýeçisi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

nowruz bayram THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Nowruzyň döreýiş taryhy

bajgyran THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Eýran Yslam Respublikasyna ynsanperwerlik ýüki ugradyldy

Soňkylar Makalalar

Mukaddes buýsanjymyz, beýik geljegimiz

14.09.2026
2026-njy ýylyň ýurdumyzda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ― bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi hem-de şu ýyl eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly

«Bitarap, Garaşsyz topragyň nurdur»

14.09.2026
Türkmenistan 35 ýyl mundan ozal özüniň Garaşsyzlygyny yglan edip, demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşyny saýlap aldy. Ýurdumyz şol taryhy wakadan soňra özygtyýarly hem-de

Garaşsyzlyk – nesilleriň we ösüşiň ak ýoly

14.09.2026
Hormatly Prezidentimiz: «Eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygy bagtyýar we abadan durmuşymyzyň binýadydyr» diýip nygtaýar. Bagtyýar we abadan durmuşymyzyň binýady bolan Garaşsyzlygymyzy gazananymyzdan soňra ýurdumyzyň ösüşleri nusgalyk
GitTop