Dark
Light
10.03.2026
1772543185255 THE ASHGABAT TIMES

Ýaponiýada ykjam uçýan awtomobil synagdan geçirildi

04.03.2026

Ýaponiýanyň «SkyDrive» startapy özüniň «SD-05» kysymly aerotaksisiniň Tokio aýlagynyň üstünden synag uçuşyny üstünlikli amala aşyrdy. Ykjam enjam howada üç ýarym minut bolup, tehnologiýalaryň şäher şertlerinde ulanmaga taýýardygyny tassyklady.

Gopgunly dikuçarlardan tapawutlylykda, «SD-05» enjamy 12 sany elektrik dwigateli we akkumulýatorlar arkaly işleýär. Daşyndan seredeniňde, bu gural üç adam üçin niýetlenen uly kwadrokopteri ýatladýar. Modeliň esasy artykmaçlygy — ykjamlygydyr: enjama uly meýdançalar gerek däl, ol hatda binalaryň dykyz ýerleşen şäher şertlerinde-de gonup bilýär.

Işläp düzüjiler uçýan awtomobilleriň megapolisleri dykylşyklardan halas etjekdigine ynanýarlar. Ýoldaky sarp edilýän wagt 4–5 esse gysgalar: adaty taksiniň bir sagat sarp edýän ýoluny aerotaksi 12–15 minutda geçer. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Tomohiro Fukudzawanyň sözlerine görä, geljekde uçuşyň bahasy adaty taksi hyzmatyndan diňe iki esse gymmat bolar. Bu bolsa howa arkaly çalt hereket etmegi köpçülik üçin elýeterli eder we şäherdäki dykylşyk meselesini netijeli çözer.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

bedew yyly kollazh THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bagta beslenýän aý-günler

1772543220878 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň programmistleri «Central Asia Programming Championship 2026» halkara çempionatynyň finalyna çykdylar

Soňkylar Dünýä habarlary

Eýranda ýurduň Beýik lideri saýlanyldy

10.03.2026
Eýran Yslam Respublikasynyň Ekspertler geňeşi Mojtaba Homeneýini ýurduň täze Beýik lideri (Rehber) wezipesine saýlady. Bu barada «Mehr» habarlar agentligine salgylanyp, halkara çeşmeler habar berýär.

«Toyota» kompaniýasynyň awtoulag satuwy ýokarlandy

03.03.2026
«Bloomberg» neşiriniň ýazmagyna görä, ýanwar aýynda «Toyota» kompaniýasynyň awtoulag satuwy ýokarlandy. Hasabat döwründe kompaniýanyň esasy brendleri bolan «Toyota» we «Lexusyň» satuwy ABŞ-da 8,1 göterim,
GitTop