Dark
Light
17.06.2026
caga 26 1 THE ASHGABAT TIMES

Ýaş nesiller – geljegiň eýeleri

19.03.2026

Ýurdumyzyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler ýaş nesliň kämil, sagdyn we watansöýüji bolup ýetişmegine gönükdirilendir. Çagalar bakja-baglary bolsa körpeleriň jemgyýetçilik durmuşyna ilkinji ädimlerini ädýän, olaryň zehininiň we ahlak sypatlarynyň kemala gelýän mukaddes ojagydyr. Şonuň üçin hem terbiýeçiniň öňünde duran iň esasy wezipe diňe bir bilim bermek däl, eýsem her bir çaganyň ruhy dünýäsine aralaşmak we olarda milli gymmatlyklarymyza bolan söýgini oýarmakdyr.

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň 3-nji çagalar bakja-bagynda biz körpeleriň terbiýesine döwrebap usullar bilen çemeleşýäris. Terbiýeçilik işinde milli edep-ekram bilen häzirki zaman okatmagyň sanly tehnologiýalaryny utgaşdyrmak oňyn netijeleri berýär. Çagalaryň wagtyny peýdaly geçirmekleri üçin dürli oýunlaryň, ertekileriň we aýdym-sazlaryň üsti bilen olaryň dünýägaraýşyny giňeltmäge çalşylýar. Sebäbi ertekiler arkaly körpeleriň hakydasynda ýagşylyk, adalatlylyk we zähmetsöýerlik ýaly häsiýetler baky ornaşýar.

Terbiýeçilik işiniň hilini ýokarlandyrmakda terbiýeçi bilen ene-atanyň arasyndaky gatnaşyk hem möhüm orun tutýar. Biz bagymyzda ene-atalar bilen yzygiderli maslahatlaşyp, her bir çaganyň özboluşly zehinini ýüze çykarmaga aýratyn üns berýäris. Şeýle hem körpeleriň saglygyny berkitmek, olary sporta we arassaçylyga höweslendirmek biziň gündelik iş meýilnamamyzyň esasyny düzýär. Arassa howada geçirilýän bedenterbiýe maşklary we bäsleşikler çagalaryň fiziki taýdan sagdyn ösmegine ýardam edýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesillere döwrebap bilim-terbiýe bermek üçin ähli şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimize we Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza çäksiz minnetdarlygymyzy bildirýäris. Biz – bilim işgärleri, mundan beýläk-de geljegimiz bolan ýaş nesliň kämil bolup ýetişmegi ugrunda yhlasly zähmet çekeris.

Sähra JUMAÝEWA,
Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň 3-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

nowruz goja 26 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Nowruz geldi ilime

futzal 26 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Sporta söýgi – ýeňişlere ylham

Soňkylar Makalalar

Çagalar baglarynda aýdym-saz terbiýesi

16.06.2026
Watana, il-güne bolan beýik söýgi maşgala terbiýesinden, has takygy, çaga edebinden, şeýle hem  oňa berilýän bilim-sowatdan başlanýar. Ýaş nesilleriň kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin

Bedew bady bilen täze sepgitlere!

15.06.2026
Taryhy ýyllary biri-birinden zyýada gelýän ata Watanymyzda her ýyly mynasyp atlandyrmak däbi barha dabaralanýar. Her ýylda öz şygaryna mynasyp işleri taryha ýazýan ajaýyp ýyllar
GitTop