Dark
Light
09.08.2026
yaslar surat THE ASHGABAT TIMES

Ýaşlar dialogy pugtalandyrylýar

13.03.2026

Mälim bolşy ýaly, ýaşlar häzirki zaman dünýäsinde, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde aýratyn orun eýeleýärler. Milletler Bileleşigi ýaşlaryň döredijilikli çemeleşmesiniň, taglymlarynyň we güýç-kuwwatynyň dünýä jemgyýetçiligini mundan beýläk-de ösdürmek üçin möhüm ähmiýete eýedigini öňe sürýär. Şu jähetden, 9 — 13-nji mart aralygynda Aşgabatda Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary üçin ikinji sebitleýin okuw maslahatynyň geçirilmegi ýaşlaryň arasynda netijeli dialogy işjeňleşdirmek babatda möhüm meýdança bolup hyzmat etdi.

Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamak üçin yzygiderli işler alnyp barylýar. «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasyna» laýyklykda, ýurdumyz ýaşlaryň mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilen syýasaty durmuşa geçirýär. Bu ugurda amala aşyrylýan anyk işleriň mysaly hökmünde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça döredilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ýaşlar dialogyny görkezmek bolar. Onuň ilkinji duşuşygy 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda Arkadag şäherinde, ikinjisi bolsa 2025-nji ýylyň aprel aýynda BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda geçirildi. Geçen ýyl ýola goýlan Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary üçin sebitleýin okuw maslahaty hem ýaş hünärmenleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary işjeňleşdirmekde, sebit meseleleri boýunça ýaşlaryň garaýyşlaryny ilerletmekde möhüm meýdança öwrüldi.

Türkmenistanyň Hökümetiniň BMG-niň ýurdumyzdaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasy bilen bilelikde guran bu okuw maslahatynyň maksady ýaş diplomatlaryň hünär bilimlerini we başarnyklaryny ýokarlandyrmakdan, goňşy ýurtlaryň ýaş hünärmenleriniň arasynda ynanyşmagy hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakdan, ählumumy we sebit meseleleri boýunça bitewi garaýşy döretmekden ybaratdyr. Diplomatiýada ýaşlaryň we zenanlaryň mümkinçiliklerini, bilimlerini artdyrmaga, häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmaga hem-de olaryň netijeli çözgütlerini işläp taýýarlamakda toplanan özara tejribeleri has-da baýlaşdyrmaga gönükdirilen çäreler maslahatyň esasy gün tertibinden orun aldy. Ýeri gelende bellesek, bu okuw maslahaty Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň hem-de Özbegistanyň ýaşy 30-a çenli bolan diplomatlarynyň 25-sini türkmen paýtagtynda jemledi.

Okuw maslahatynyň ýurdumyzyň ýokary diplomatiýa mekdebinde geçirilen açylyş dabarasynda Daşary işler ministrliginiň wekilleri, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary çykyş etdiler. Şunuň bilen baglylykda, şu gezekki okuw maslahaty diňe bir ýurdumyzyň we daşary döwletleriň diplomatik işgärleriniň, BMG-niň wekilleriniň ussatlyk sapaklaryny däl, eýsem, möhüm halkara meseleler boýunça netijeli pikir alyşmalary hem özünde jemleýär.

Altymyrat ŞYHMYRADOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

kitaphana 2226 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Kitap – ruhy hazyna, kitaphanalar – paýhas öýi

bedew capyp baryan THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Halkymyzyň uçar ganaty

Soňkylar Makalalar

Şöhratly taryhyň ýaňy

06.08.2026
Dogrudan hem, bu günki gün «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen beýik şygar bilen türkmen halkyny aýdyň geljege sary

Biz – buýsançly döwrüň bagtyýar bilim işgärleri!

04.08.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek, şol sanda mekdebe çenli bilim-terbiýeçilik işlerini kämilleşdirmek ugrunda döredilýän giň mümkinçilikler, açylyp ulanylmaga berilýän

Garaşsyzlyk – halkyň buýsanjy we bagty

04.08.2026
Garaşsyzlyk her bir halkyň iň gymmatly baýlygy, döwletliligiň we milli erkinligiň esasy nyşanydyr. Ol halkyň öz ykbalyny özbaşdak kesgitlemäge, syýasy, ykdysady we medeni ösüş
GitTop