Dark
Light
13.11.2026
2603 009 THE ASHGABAT TIMES

Yn­sanperwer ýörelgeler dabaralanýar

27.03.2026

Düýn paý­tag­ty­myz­da­ky “Ar­ça­bil” myh­man­ha­na­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 35 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li “Yn­san­per­wer­lik ýo­ly” ady bi­len hal­ka­ra mas­la­hat ge­çi­ril­di. “Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan — be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny” ýy­ly­nyň şan­ly wa­ka­la­ry­nyň ma­ny-maz­mun taý­dan baý­laş­ma­gy­ny şert­len­di­ren bu çä­re yn­san­per­wer ýö­rel­ge­le­riň dün­ýä­dä­ki äh­mi­ýe­ti­niň bar­ha art­ýan­dy­gy­ny aý­dyň gör­kez­di.

Hal­ka­ra mas­la­ha­ta Türk­me­nis­ta­nyň Gy­zyl Ýa­ry­maý Mil­li jem­gy­ýe­ti­niň (TGÝMJ), Hal­ka­ra Gy­zyl Haç Ko­mi­te­ti­niň we Gy­zyl Haç hem-de Gy­zyl Ýa­ry­maý jem­gy­ýet­le­ri­niň hal­ka­ra fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky we­kil­ha­na­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, dür­li ýurt­la­ryň Gy­zyl Ýa­ry­maý Mil­li jem­gy­ýet­le­ri­niň we­kil­le­ri san­ly ul­gam ar­ka­ly gat­naş­dy­lar. Fo­rum­da hä­zir­ki dö­wür­de mö­hüm hä­si­ýe­te eýe bol­ýan yn­san­per­wer ýö­rel­ge­le­riň ma­ny-maz­mu­ny ba­ra­da gür­rüň edil­di.

Çä­re­de dün­ýä ýurt­la­ry­nyň Gy­zyl Ýa­ry­maý Mil­li jem­gy­ýet­le­ri, Hal­ka­ra Gy­zyl Haç Ko­mi­te­ti­niň we Gy­zyl Haç hem-de Gy­zyl Ýa­ry­maý jem­gy­ýet­le­ri­niň hal­ka­ra fe­de­ra­si­ýa­sy bi­len ýo­la goý­lan hyz­mat­daş­ly­gyň ugur­la­ry ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Bu gu­ra­ma­lar bi­len al­nyp ba­ryl­ýan bi­le­lik­dä­ki iş­ler Türk­me­nis­ta­nyň Gy­zyl Ýa­ry­maý Mil­li jem­gy­ýe­ti­niň iş­gär­le­ri­niň we meý­le­tin­çi­le­ri­niň bi­lim de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, öza­ra tej­ri­be alyş­ma­ga şert dö­red­ýär.

Hä­zir­ki dö­wür­de pa­ra­hat­çy­lyk, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan da­şa­ry sy­ýa­sat stra­te­gi­ýa­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­ýän Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my gün ter­ti­bi­niň wa­jyp me­se­le­le­ri­niň çö­zül­me­gi­ne, şol san­da yn­san­per­wer ýö­rel­ge­le­riň­dir gym­mat­lyk­la­ryň ber­ka­rar edil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len baş­lan­gyç­la­ry öňe sür­ýär. Çy­kyş­lar­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, TGÝMJ-niň alyp bar­ýan iş­le­ri Gy­zyl Haç we Gy­zyl Ýa­ry­maý jem­gy­ýet­le­ri­niň hal­ka­ra fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň yn­san­per­wer­lik, özyg­ty­ýar­ly­lyk, meý­le­tin­lik ýa­ly esa­sy ýö­rel­ge­le­ri­ne la­ýyk gel­ýär. Bu bol­sa ka­bul edi­len çöz­güt­le­riň ýo­ka­ry de­re­je­de ama­la aşy­ryl­ma­gy ug­run­da­ky bi­le­lik­dä­ki ta­gal­la­la­ryň aý­dyň ne­ti­je­si­dir.

Güljahan BÄŞIMOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

atadurdy bayramow THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmen diplomaty Ýaponiýanyň daşary işler boýunça döwlet ministri bilen duşuşdy

yb forum THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi: hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri

Soňkylar Makalalar

Parahatçylygyň durnukly binýady

12.11.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýy barha artýar. Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer daşary syýasaty, öňe sürýän belent maksatlary halkara

Dil bilen dünýä açylýar

12.11.2026
Häzirki döwürde Türkmenistanda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň özenini ýaş nesle bolan ynam we alada düzýär. Ýurdumyzyň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Halk Maslahatynyň mejlislerinde ýaşlaryň

Bitaraplyk buýsanjy

12.11.2026
Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň biragyzdan goldanylyp, dünýäniň abraýly halkara guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilmegi ikinji müňýyllygyň örän möhüm wakasy boldy.

Gurýan döwlet gurply döwletdir

12.11.2026
Golaýda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň, Garaşsyzlyk etrabynda ýylda 60 müň tonna senagat
GitTop