Dark
Light
18.07.2026
23122023 gazna 960x511 1 THE ASHGABAT TIMES

Ynsanperwerligiň beýik nusgasy

26.03.2026

Ýurdumyzda ilatyň saglyk abadançylygyny pugtalandyrmak ugrunda yzygiderli edilýän tagallalara mysallar köp. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna häzirki wagta çenli ýüzlerçe näsag çaganyň saglygynyň dikeldilmegi, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde hereket edýän çagalar hassahanalaryna dünýäniň iň kämil saglygy goraýyş enjamlarynyň ornaşdyrylmagy bolsa bu babatda aýratyn bellenilmäge mynasyp.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy öz işini başlaly bäri müňlerçe çaganyň ykbalyna nur, maşgalalaryna şatlyk eçildi. Şoňa görä-de, gaznanyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli geçen ýylyň 29-njy martynda Arkadag şäherinde geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahatyň Jemleýji resminamasy BMG-niň resmi dillerine terjime edildi hem-de Baş Assambleýanyň 79-njy sessiýasynyň gün tertibiniň resminamasy hökmünde ýaýradyldy.

Halkymyzyň ynsanperwer ýörelgeleriniň häzirki wagtda döwlet derejesinde mynasyp dowam etdirilmegi diňe bir durmuşymyzy gözelleşdirmek bilen çäklenmän, şol bir wagtda hoşniýetli goňşuçylyk däpleriniň pugtalanmagyna-da oňyn täsirini ýetirýär. Golaýda, has takygy, mübärek Oraza aýynyň dowam edýän günlerinde Eýran Yslam Respublikasynyň halkyna we çagalaryna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan ynsanperwerlik ýüküniň ugradylmagy munuň aýdyň subutnamasy boldy.

Gaznanyň goldaw bermeginde dürli ýyllarda Türkiýe Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Owganystanyň, Ukrainanyň we Palestinanyň çagalaryna ynsanperwerlik ýükleriniň ugradylandygyny buýsançly bellemek gerek. ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna kömege mätäç çagalara lukmançylyk hyzmatlarynyň berlendigi we olaryň ýagty geljege bolan umytlaryny pugtalandyrmaga goşan goşandy üçin güwänamanyň, şeýle hem bu düzümiň ýurdumyzdaky wekilhanasynyň Hoşallyk hatynyň gowşurylmagy sahawatlylyk ýörelgelerimiziň halkara ykrarnamasydyr.

Gurbansoltan ALLABERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

ozbek syn THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistan we Özbegistan bilelikdäki oba hojalyk taslamalaryny giňeltmegi maksat edinýärler

gazna surat THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Haýyr-sahawat – ýaşaýşa dowamat

Soňkylar Makalalar

Ekologiýa we daşky gurşawyň abadançylygy

17.07.2026
Häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde duran iň möhüm meseleleriň biri hem ekologiýa abadançylygydyr. Ykdysady ösüşleriň, şäherleşmegiň we tehnologiýalaryň çalt depginde ösmegi tebigata edýän täsirini hem güýçlendirýär.

Jana şypaly tebigat

17.07.2026
Biziň ýaşaýan we bizi gurşap alýan goja Zemin özüniň ajaýyp tebigaty, reňbe-reň pasyllary, haýwanat we ösümlik dünýäsi bilen gözeldir. Halk arasynda tebigata we durnukly

Suw – ýaşaýşyň gözbaşy

17.07.2026
Suw Ýer ýüzündäki ähli janly-jandarlaryň, ösümlikleriň we adamyň ýaşamagy üçin iň esasy zatdyr. Ol ýaşaýşyň gözbaşy hem-de bütin adamzat taryhynyň, medeniýetleriniň we siwilizasiýalaryň kemala

Kitap ynsanyýetiň baş baýlygydyr, bilimler çeşmesidir

17.07.2026
Ylym-bilim ojagynyň esasy binýady kitaphanalarda jemlenýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda kitaphana işiniň kämilleşdirilmegi, ýaşlaryň kitap okamagy üçin zerur şertleriň
GitTop