Dark
Light
18.07.2026
1000001040 scaled THE ASHGABAT TIMES
oplus_0

Ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäherinde, «Zenan we tebigat» atly döredijilikli duşuşyk geçirildi

04.03.2026

Paýtagtymyzdaky Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň gurnamagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli «Zenan we tebigat» atly döredijilikli duşuşyk geçirildi. BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasy we howa boýunça Pariž ylalaşygy boýunça borçnamalaryň çäginde, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky «Milli derejede kesgitlenen goşantlary (MDKG 3.0) täzelemek işine goldaw bermek» taslamasynyň tehniki taýdan ýardam bermeginde guralan bu çäre gelin-gyzlaryň kyrka golaýyny bir ýere jemledi.

1000001062 THE ASHGABAT TIMES

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekilleri çykyş edip, jemgyýetde ekologiýa medeniýetini kemala getirmekde zenanlaryň aýratyn ornunyň bardygyny bellediler. Duşuşyga bilim, saglygy goraýyş we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýaly dürli ugurlarda zähmet çekýän zenanlaryň hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy çäräniň mazmunyny has-da baýlaşdyrdy. 

«Diýarymyzda zenanlaryň jemgyýetdäki orny hemişe üns merkezinde saklanylýar. Tebigat bilen zenan — durmuşyň we gözelligiň bitewi çeşmesidir. Guramamyzyň esasy maksady şeýle sazlaşygy ýaş nesilleriň aňynda berkidip, olarda tebigata bolan aýawly garaýşy kemala getirmekden ybaratdyr» — diýip, «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň ýolbaşçysy Leýli Şyhmedowa belläp geçdi.

BMGÖM-niň hünärmenleri hem-de ýaş ekologiýa meýletinçileri howanyň üýtgemegi bilen bagly halkara derejesindäki wezipeler hem-de bu ugurda durmuşa geçirilýän taslamalar boýunça özara tejribe alyşdylar. Çäräniň dowamynda «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň agzalary hünärmenler bilen gyzykly söhbetdeşlik gurnamak bilen, özlerini gyzyklandyrýan sowallara anyk jogaplary aldylar. Duşuşygyň ahyrynda gatnaşyjylara gurama tarapyndan ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Bu döredijilik duşuşygy, ýaş gelin-gyzlaryň ekologiýa başlangyçlaryny goldamaklary we tejribe alyşmaklary üçin netijeli meýdança öwrüldi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

1772573312885 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Aşgabatda türkmen-hytaý işewürlik forumy we sergisi geçiriler

mid dim THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Daşary ýurt raýatlary üçin Türkmenistan tranzit geçelgesini üpjün edýär

Soňkylar Habar

Gruziýada Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilýär

17.07.2026
Tbiliside hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gruziýa amala aşyrýan döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilýär. Bu giň gerimli döredijilik çäresi ikitaraplaýyn ynsanperwer gatnaşyklaryň täze

Tbiliside Türkmen-gruzin işewürlik maslahaty geçirildi

17.07.2026
Tbilisi şäherindäki «Ekspo Georgia» sergiler merkezinde hormatly Prezidentimiziň döwlet saparyna gabatlanyp, Türkmen-gruzin işewürlik maslahaty geçirildi. Bu ýerde Türkmenistanda öndürilen önümleriň göçme sergisi hem ýaýbaňlandyryldy.
GitTop