Ýylyň ady halkyň göwnünden orun alanda, ol hakyky şygara öwrülýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen şu ýylymyz hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Türkmen durmuşynda «bedew bady» diýen düşünje diňe bir tizlik däl, eýsem, beýik maksatlara barýan ýoluň we çuňňur ruhy gymmatlygyň nyşanydyr. Şonuň üçin hem ýylyň ilkinji günlerinden badalga alan ösüşler hut bedew batly häsiýete eýe bolýar.
Ýylyň şygarynyň mazmunynda ýaş nesliň bilimli, terbiýeli we watançy bolup ýetişmegi aýratyn orun eýeleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan tutumly işler, esasan hem ýurdumyzyň taryhy wakalary we milli baýramçylyklary bilen utgaşyp, şygaryň ähmiýetini has-da artdyrýar. Bu bolsa öz gezeginde ýurdumyzyň halkara abraýynyň belende galmagyna we milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda ýokary netijeleriň gazanylmagyna uly ýardam edýär. Şeýle şygarlar astynda geçirilýän çäreler, maslahatlar we medeni duşuşyklar jemgyýetiň bitewüligini berkitmekde möhüm gural bolup hyzmat edýär.
Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanýan ýaşlarymyz ylymda, bilimde we döredijilikde uly sepgitlere ýetýärler. Olaryň her bir üstünligi ata Watanymyzyň ösüş-özgerişlerine mynasyp goşantdyr. Ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerine öz zähmetiň we zehiniň bilen hyzmat etmek bolsa her bir watansöýüji raýat üçin iň uly bagt we belent buýsançdyr. Çünki Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, «Biziň hemmämizi bir mukaddes duýgy birleşdirýär, ol hem mähriban ýurdumyza, il-halkymyza çäksiz söýgüdir».
Şeýlelikde, her bir ýylyň özüne mahsus şygarynyň bolmagy türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna bolan sarpasyny we geljege bolan uly ynamyny alamatlandyrýar. Bu şygar her birimizi täze zähmet ýeňişlerine we döredijilikli gözleglere ruhlandyryp, Watanymyzyň ösüşleriniň täze belentliklere çykmagyna ýol açýar. Ýylyň şygarynyň dabaralanmagy bilen amala aşyrylýan ähli işler halkymyzyň bolelin durmuşyny üpjün etmäge we Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki ornuny has-da berkitmäge gönükdirilendir.
Ogulgerek ÇARYÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň Pedagogika fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.