Dark
Light
14.03.2026
yylyn zenany 26 THE ASHGABAT TIMES

«Ýylyň zenany» bäsleşigi geçirildi

02.03.2026

1-nji martda Aşgabatdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan yglan edilýän «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa welaýatlardan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden zehinli, zähmetsöýer zenanlaryň 56-sy gatnaşdy.

Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, oňa gatnaşyjylar 8 ugur boýunça bäsleşdiler. Diýarymyzyň öňdebaryjy zenanlaryndan düzülen eminler topary bäsleşige gatnaşyjylaryň jemgyýetçilik işjeňligine, zähmetde we döredijilikde gazanan üstünliklerine adalatly baha berdiler. Ýeňijiler şeýle kesgitlenildi:

Balkan welaýatynyň Baş bilim müdirliginiň Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň müdiri Güljemal Soltanowa – «Ýylyň işewür zenany»;

Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň Biruny adyndaky geňeşliginiň Bagban obasynyň ýaşaýjysy Güljan Amanmyradowa – «Ýylyň mährem zenany»;

Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň «Tiz kömek» merkeziniň şepagat uýasy Şirin Tejenowa – «Ýylyň çeper elli zenany»;

Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň Dostluk şäheriniň Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň tans-gurnak ýolbaşçysy Jennet Akmyradowa – «Ýylyň sungatda işjeň zenany»;

Mary welaýatynyň Mary etrabynda ýerleşýän «Merw» ýyladyşhanasynyň müdiri Mähri Jojykowa – «Ýylyň telekeçi zenany»;

Aşgabat şäheriniň 165-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Oraztäç Nuryýewa – «Ýylyň halypa zenany»;

Ahal welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň Ak bugdaý etrabynyň polisiýa bölüminiň wekili Ogulsuraý Huseýinkulyýewa – «Ýylyň watançy zenany»;

Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň «Baýramaly» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Tawus Hudaýberdiýewa – «Ýylyň öňdebaryjy oba zenany».

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

mekdep bas THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Biziň döwrümiz ylmyň hem bilimiň döwri

mid dim THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Ýakyn Gündogardaky ýagdaýlara aladalanma bildirýär

Soňkylar Habar

GitTop