Dark
Light
17.06.2026
zenan mid as THE ASHGABAT TIMES

«Zenan diplomatlaryň jemgyýetdäki orny we olaryň ýeten sepgitleri» atly interaktiw dialog geçirildi

11.03.2026

2026-njy ýylyň 10-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary we döwlet gullukçylary üçin ikinji okuw maslahatynyň çäklerinde «Zenan diplomatlaryň jemgyýetdäki orny we olaryň ýeten sepgitleri» atly interaktiw dialog geçirildi.

BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasy bilen bilelikde guralan bu çärä daşary ýurtlaryň hem-de halkara guramalaryň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň, halkara düzümleriň zenan işgärleri, Daşary işler ministrliginiň wekilleri, institutyň zenan mugallymlary hem-de talyp gyzlary gatnaşdylar.

zenan mid THE ASHGABAT TIMES

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Rana Abu Hijleh, Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Farýal Legari, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa dagy çykyş etdiler.

Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary we döwlet gullukçylary üçin ikinji okuw maslahatynyň çäklerinde geçirilen bu maslahat ýaş hünärmenleriň hünär tejribesini baýlaşdyrmakda netijeli bolup, Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk dörediji diplomatiýasynda zenanlaryň eýeleýän ornunyň ýokarydygyny nobatdaky gezek äşgär etdi.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

98080980 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ýagşymyradow Belfastda dünýä arenasynda ringe çykýar

ppyucto6heswnapewkeoa5asrznusm 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý hökümetara toparynyň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň mejlisi geçirildi

Soňkylar Habar

GitTop