Şu günlerde ýurdumyzda Halkara zenanlar güni mynasybetli ajaýyp dabaralar, sergiler, baýramçylyk konsertleri giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Olarda täze taryhy döwrümiziň döredijilik ruhy öz aýdyň beýanyny tapýar. Şunda Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň Sergi jaýynda ýurdumyzyň zenan suratkeşleriniň arasynda «Zemin görki zenandyr» atly şekillendiriş hem-de amaly-haşam sungaty eserleriniň bäsleşik-sergisiniň geçirilmegi, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Şekillendiriş sungatynda zenan waspy» atly baýramçylyk sergisiniň açylmagy möhüm ähmiýete eýedir.
Türkmen şekillendiriş sungatynyň taryhynda zenan keşbi diňe bir gözelligiň däl, eýsem, halkyň ruhy dünýäsiniň, milli gymmatlyklaryň çeşmesi hökmünde aýratyn orun tutýar. Türkmen suratkeşleriniň eserlerinde zenan keşbi iň mukaddes obrazlaryň biri bolup durýar. Şunda haly dokaýan, keşde çekýän ýa-da ýüň egirýän zenanlaryň portretleri türkmen suratkeşleriniň iň söýgüli temalarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilen bäsleşik-sergide 210-dan gowrak nakgaşlyk, heýkel, amaly-haşam, keramika sungatyna degişli eserler goýlupdyr. Bäsleşigiň baş baýragynyň bolsa Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Annabibi Islamowa «El torbalary» atly haly eserler toplumy üçin gowşurylandygyny bellemek gerek.
«Şekillendiriş sungatynda zenan waspy» atly baýramçylyk sergisinde hem geçmişden şu güne zenanlaryň jemgyýetde eýeleýän abraýly orny, buýsançly kalplarynyň nurana şuglasy aýdyň açylýar. Sergide Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň döredijiligine giň orun berlipdir. Hususan-da, çeperçilik akademiýasynyň mugallymy, Türkmenistanyň halk suratkeşi Dursunsolmaz Muhammedowanyň keramika we dizaýn işleri sergä gelenleriň ünsüni bada-bat özüne çekýär. Şeýle hem Bahar Pirgulyýewanyň, ussat zergär zenan Aýjemal Çaryýewanyň işleri kalbyňda gözelligiň we nepisligiň täze gözýetimlerini açýar. Sergide ýaşlaryň döredijiligine hem aýratyn orun berlip, olaryň milli we döwrebap äheňde taýýarlan lybaslary, binanyň içki bezegi üçin niýetlenen dizaýn çözgütleri sergini has-da baýlaşdyrypdyr.
Bulardan başga-da, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň, Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gymmatlyklaryna giň orun berlen sergide aýdym-sazly çykyşlar hem-de milli lybaslaryň moda görkezilişi boldy. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ajaýyp wakalary bilen utgaşýan şeýle dabaralar ýurdumyzda mähriban zenanlarymyzyň sarpasynyň belentdedigini aýdyň görkezýär.
Orazjemal ÇARYÝAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.